Iň täze habarlar

Türkmen medeniýetiniň dünýäsi Seuldaky Dostluk festiwalynyň myhmanlaryny haýran galdyrdy

26.05.2025 | 20:21 |
 Türkmen medeniýetiniň dünýäsi Seuldaky Dostluk festiwalynyň myhmanlaryny haýran galdyrdy

24-nji maýda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Seul şäheriniň häkimliginiň guramagynda geçirilen Seul dostluk festiwalyna gatnaşdy.

Ilçihana tarapyndan dürli öwüşginli bezelen sergi pawilýonynda festiwal myhmanlary türkmen medeniýetiniň baý dünýäsine aralaşdylar. Bu ýerde türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý özboluşly medeniýetini şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli egin-eşikler görkezildi. Şeýle hem Türkmenistana bagyşlanan kitaplar we žurnallar, şeýle hem türkmen suratkeşleriniň eserleri gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

festival-druzhby-v-seule (1).jpeg

Türkmenistanyň Ilçihanasy medeni baýlyklar başga-da, Seul dostluk festiwalynyň gatnaşyjylaryny ýurduň alyp barýan oňyn we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we diplomatiýasy, durmuş-ykdysady ulgamynda gazanan üstünlikleri hem-de medeni-ynsanperwer ugur boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelere we başlagyçlara aýratyn üns berildi.

festival-druzhby-v-seule (2).jpg

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: