Stambulda elektrik tehnikasyna, energetika we "akylly" öýlere bagyşlanan BIGIS & ELF halkara sergisi geçiriler
27.05.2025 | 10:30 |2025-nji ýylyñ 27-30-njy noýabry aralygynda Stambulyñ doktor mimar Kadyr Topbaşa adyndaky sergiler we sungat merkezinde elektrika, elektronika, energetika, ýagtylandyryş we "akylly öý" ulgamyna bagyşlanan BIGIS & ELF halkara sergisi geçiriler. Çäräniñ guramaçysy bolup MES Fair Organization kompaniýasy çykyş edýär.
Çäre aşakdaky esasy ugurlary öz içine alar:
– elektrik tehnikasy;
– elektronika;
– energetika;
– ýagtylandyryş ulgamlary;
– "akylly öý" tehnologiýalary.
Sergi pudagyñ öñdebaryjy kompaniýalaryny we innowasion tehnologiýalary birleşdirip, eýýäm häzirki günden başlap hünärmenlere geljegiñ çözgütlerine ýol açar. Gatnaşyjylar akylly ýagtylandyryş we jaýlary awtomatlaşdyrmak ulgamlaryndaky möhüm işläp taýýarlamalar bilen tanşyp bilerler, hünär aragatnaşyklary giñeldip we energetika ösüşiniñ esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp bilerler.
Balkan, Pars aýlagynyñ we Ýewropa ýurtlarynyñ satyn alyş wekiliýetleriniñ gatnaşmagyna garaşylýar.
Giñişleýin maglumat https://elffuar.com/ resmi saýtynda elýeterlidir.
ORIENT