Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
27.05.2025 | 14:15 |2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.
Uzak aralykdan sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen okuwlary Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň esasy bilermenleri we mugallymlary alyp barýarlar.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-12-nji oktýabry Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşan daşary ýurt wekiliýetleriň Türkmenistana saparynyň dowamynda hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy bolup geçdi. Şol sanda hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyna gol çekildi.
Resminama laýyklykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek we döwlet gullukçylarynyň hünärini kämilleşdirmek bilen bagly bolan möhüm işleri, ýagny adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp düzmek, uzak aralykdan sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny geçirmek, professor-mugallymlaryň hem-de diňleýjileriň okuw saparlaryny gurnamak meseleleri öz içine alýar.
Geçirilen gysga möhletli onlaýn okuw sapaklarynyň dowamynda “Adam serişdelerini strategiki meýilleşdirmek”, “Dolandyryş işinde talap edilýän başarnyklar (kompetensiýalar)”, “Başarnyklary dolandyrmak” ýaly temalar boýunça gürrüňler edildi. Onlaýn okuwlarda zähmet potensialyndan doly peýdalanmak arkaly edaranyň işgärlerini dolandyrmak we utgaşdyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar ulgamy, strategiki adam serişdelerini dolandyrmagyň ähmiýeti we işe edýän täsiri, bütin dünýäde dolandyryjylarda bolmaly esasy başarnyklar, aýratyn zehinleri dolandyrmagyň täsiri, işgärleriň zehinini kämilleşdirmek we olary dolandyrmakda häzirki zaman höweslendirmeler, işgärleri dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ulanmak, onuň täsiri we ähmiýeti hem-de bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler, dolandyryşyň gurallary we aýratyn innowasion çemeleşmeler, işgärler ätiýaçlygy we öndürijilik dolandyryş ulgamy, edarada halypa – şägirtlik ulgamyny ýola goýmak, işgärleriň arasynda üýtgemelere, ýagny özgerişlige bildirilýän garşylyk: ony ýeňip geçmegiň ýollary, topary dolandyrmak: ylhamyň çeşmeleri, ýitgileriň we dartgynly ýagdaýlaryň öňüni almak, köptaraplaýyn pikirlenme ýaly ugurlar barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Şeýle okuwlaryň geçirilmegi adam serişdeleri ugrunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we döwlet gullugynda sanly ulgamy ösdürmekde örän ähmiýetlidir.
ORIENT