Iň täze habarlar

Şu hepde Hytaý: esasy täzelikler

24.05.2025 | 10:15 |
 Şu hepde Hytaý: esasy täzelikler

1. HHR-iñ Başlygy Si Szinpin Hytaýyň döwrebaplaşmagyny ilerletmek üçin senagaty berkitmäge çagyrdy

Maý aýynyň 19-na Hytaýyñ Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin Henan welaýatynyň Loýan şäherine eden barlag saparynyň dowamynda Hytaýyň döwrebaplaşma modelini ilerletmek üçin önümçilik pudagyny mundan beýläk hem güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Saparyň çäginde ol “Luoyang Bearing Group Co., Ltd” kompaniýasyna, Ak At ybadathanasyna we Lunmen gowaklaryna baryp gördi.

Si Szinpin şeýle belledi: «Hytaý hemişe hakyky ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda iş alyp bardy. Biz çyralaryň, sabynlaryň we demiriň importyndan dünýäniň iň uly önümçilik döwleti derejesine çykdyk. Biz dogry ýoly saýladyk. Häzir bolsa önümçiligi ösdürmegi dowam etdirmeli, tehnologik özbaşdaklyga ýetmeli, möhüm tehnologiýalara eýe bolmaly, önümçilik, ylym we bilim arasyndaky integrasiýany berkitmeli hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaly. Diňe şeýdip hytaý döwrebaplaşmasyna ýetmek mümkin bolar».

2. Hytaýyň ykdysadyýeti aprelde durnuklylygyny görkezdi. 15-nji bäşýyllyk meýilnama taýýarlyk başlandy

HHR-iñ Döwlet statistika müdirliginiň maglumatlaryna görä, aprelde senagat önümçiligi 6,1 % ýokarlandy, bu bolsa içerki we daşarky kynçylyklara garamazdan ykdysady durnuklylygyň bardygyny görkezýär. 2026–2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäşýyllyk meýilnamanyñ taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ministrlikleriň barlag işleri ýokary hilli täze önümçilik güýçleriniň ösdürilmegine gönükdirilýär. Si Szinpin indiki bäşýyllyk durmuş-ykdysady ösüş meýilnamasynyñ işlenip düzülmeginde ylmy, demokratik we hukuk esasly çemeleşmäniň möhüm ähmiýetini nygtady.

3. Hytaý bilen Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy Ýewropa bilen gatnaşyklary berkidýär

Maýyň 22-den 25-ne çenli Ninboda 4-nji Hytaý-MGÝ sergisi we Halkara sarp ediş harytlarynyň ýarmarkasy geçirildi. Bu çärä Merkezi we Gündogar Ýewropanyň 14 ýurdunyň 435 kompaniýasy, şeýle hem Beýik Britaniýadan, Fransiýadan we Germaniýadan wekiller gatnaşdy. Serginiň gerimi "Merkezi we Gündogar Ýewropa" formatyndan “MGÝ+” derejesine çenli giňeldilip, Hytaý bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda syýasy ynamy we ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrýan platforma boldy. Çäräniň dowamynda MGÝ-niň Hytaý bilen hyzmatdaşlykdaky ornuny berkidýän häzirki zaman tehnologiýalar görkezildi.

4. Huawei HarmonyOS operasiýa ulgamy bilen ilkinji noutbuklary we dünýäde ilkinji eplenilýän kompýuteri hödürledi

Maýyň 19-na Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Huawei özüniň HarmonyOS operasiýa ulgamy bilen işleýän ilkinji noutbuklary, şeýle hem dünýäde ilkinji eplenilýän MateBook Fold Ultimate Design kompýuteri bilen tanyşdyrdy. Açylan ýagdaýynda onuň galyňlygy bary-ýogy 7,3 mm, agramy bolsa 1,16 kg.

Täze enjamyň esasy aýratynlygy 18 dýuýmlyk eplenilýän OLED ekrandyr, onuň çözgüdi 3,3K deñdir. Huawei bu enjamyň iki gatly OLED paneli ulanýan ilkinji noutbukdygyny aýdýar, bu panel HDR ýagdaýynda 1600 nit ýagtylyga ýetýär. Displeý HDR Vivid standartyna we giň P3 reňk giňligine laýyk gelýär.

Huawei-ä görä, bu kompýuterlerde ilkinji gezek LTPO tehnologiýasy ulanyldy, bu tehnologiýa ekranyň täzelenme ýygylygyny awtomatiki sazlamaga we energiýa sarp edilişini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ekrany üç gatly uglerod süýümi bilen berkidildi, bu bolsa onuň berkligini üç esse artdyrýar.

Eplenilýän guraly ygtybarly işledip bilmek üçin 285 mm uzynlykda, pudakda iň uly hasaplanýan bogun (şarnir) işlenip taýýarlanyldy. Üç basgançakly gurluşy aňsatlyk bilen açyp-ýapmaga mümkinçilik berýär, ekran kiçi burçlard 0 - 20 gradusda, giñ diapazonlarda bolsa 30-150 gradusa çenli islendik burçda durnukly saklanýar.

MateBook Fold Ultimate Design HarmonyOS ulgamy bilen dolandyrylýar we Huawei ekoulgamyna doly integrirlenen. Enjam öňünden gurnalan WPS Office ofis programmasy bilen gelýär we Huawei-yň beýleki enjamlary bilen umumy işleýiş aýratynlyklaryny goldaýar.

ORIENT

Foto: substack.com

Şeýle hem okaň: