Iň täze habarlar

Eýran goňşy ýurtlara Bender Abbasda port düzümlerini döretmegi teklip edýär

26.05.2025 | 14:00 |
 Eýran goňşy ýurtlara Bender Abbasda port düzümlerini döretmegi teklip edýär

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady meseleler boýunça orunbasary Seýed Abdolrasul Mohajer Hejazi, Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy ýurtlaryň garaşsyz port guramalaryny döretmek üçin Bandar Abbasda zerur desgalary bermäge taýýardygyny mälim etdi. 24-nji maý, şenbe güni goşmaça tapgyryň we Tähran-Apren demir ýol gury portunyň döredilmegi bilen baglanşykly açylyş dabarasynda bu barada mälim edildi diýip, “NourNews” habar berýär. Mohajer Hejazi, ýurduň demirgazygynda açyk deňizden peýdalanyp bilmeýän goňşularyň bardygyny we Eýran Yslam Respublikasynyň bu ýurtlar bilen deňziň arasyndaky aragatnaşyk ýoluna öwrülip biljekdigini aýtdy. Merkezi Aziýa ýurtlary, Russiýa, Belarus, şeýle hem Kawkaz sebitiniň ýurtlary, şol sanda Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa, Gyrgyzystan we Özbegistan indi Bender Abbasa Eýranyň ulag ýollary arkaly baryp bilerler.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň ykdysady meseleler boýunça wezipesini ýerine ýetiriji bu ýurtlaryň Bender Abbasda özbaşdak port guramasyny döretmegine mümkinçilikleri barada aýdyp, Farzane Sadegiň ýolbaşçylygyndaky Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüş ministrligi, bu ýurtlary Bender Abbasda zerur enjamlar bilen üpjün etmäge doly taýýar diýip sözüniň üstüni ýetirdi. Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň dostlukly ýurduna Eýranyň üsti bilen Merkezi Aziýa girmek üçin iň ýakyn, ygtybarly we amatly ýoly ulanmaga mümkinçilik berýän ýurduň günortasynda bar bolan mümkinçilikler agzaldy.

Çabahar-Zahedan demir ýolunyň tamamlanmagy we ulanylmaga berilmegi ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär. Bu geçelgäniň işe girizilmegi Eýranyň ulag ýollaryny we onuň üstaşyr geçiriş mümkinçiligini ösdürmekde uly itergi berer. Mohajer Hejaziniň pikiriçe, bu taslamalar sebit aragatnaşygyny we sebitiň ýurtlarynyň arasynda baglanyşyk üçin möhüm ähmiýete eýe bolup ulag infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilendir.

ORIENT

Foto: mehrnews.com

Şeýle hem okaň: