Maý aýy ähli gözegçilik taryhynyñ dowamynda iñ maýyl aýlarynyñ ikinjisi bolup biler
27.05.2025 | 10:00 |Ýakyn 3-4 günde Türkmenistanyñ çägi, şol sanda Aşgabat şäheri salkyn howa akymlarynyñ täsirine düşer. Bu akymlar merkezi Powoložýeniñ ýokarsynda ýerleşen giñ antisiklonyñ günorta-gündogar periferiýasyndan geler.
Paýtagtymyzda gündizki howa derejesi +30° çenli bolar. Bu gysga wagtlaýyn temperatura görkezijileriniñ pese düşmegi aýyñ jemleýji görkezijilerine täsir eder: çaklamalara görä, aýyñ ortaça temperaturasy +26,8…+27 derejesinde bolar.
Şeýlelikde, 2025-nji ýylyñ maý aýynyñ meteo gözegçiligiñ taryhynda iñ maýyl aýlaryñ ikinjisi bolmagy mümkin. Ol bolsa 1961-nji, 2014-nji we 2021-nji rekord ýyllardan biraz yzda galar. Şol ýyllarda aýyñ ortaça temperaturasy +27° ýetipdi.
Hakykatdan hem, yssy howanyñ gaýdyp gelmegine aýyñ soñunda garaşylýar.
ORIENT