Iň täze habarlar

Aşgabatda Bahar baýramyna bagyşlanan “Täze günüň telwasy” atly sergisi geçiriler

13.03.2025 | 12:30
Aşgabatda Bahar baýramyna bagyşlanan “Täze günüň telwasy” atly sergisi geçiriler

14-nji martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli “Täze günüň telwasy” atly sergisi açylar.

Sergä gelen myhmanlar türkmen halkynyň tebigatyň janlanmagy we täze paslyň gelmegi bilen baglanyşykly baý däp-dessurlaryny we medeniýetini açyp görkezýän ajaýyp eksponatlary syn edip bilerler.

Sergi sagat 10:00 açylar. Habarlaşmak üçin: 48-25-92.

ORIENT