Iň täze habarlar

Aşgabatda 16-njy ýöriteleşdirilen «Iran Agrofood» sergisi geçiriler

26.06.2024 | 16:18
Aşgabatda 16-njy ýöriteleşdirilen «Iran Agrofood» sergisi geçiriler

27 – 29-njy awgust aralygynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň 16-njy ýöriteleşdirilen «Iran Agrofood» sergisi geçiriler.

Sergide Eýranyň oba senagat toplumynyň önümleri, oba hojalyk tehnikalary, kämilleşdirilen tohumlar, dökünler we himiki serişdeler görkeziler.

Azyk gaplary, innowasion tehnologiýalar ulgamyna ýöriteleşen önüm öndürijiler hem-de telekeçiler, şeýle hem ylmy barlaglar bilen meşgullanýan kompaniýalar öz mümkinçiliklerini we önümlerini görkezerler.

ORIENT news