JICA wekilleri Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça türkmen demirýolçulary bilen duşuşdylar
2024-nji ýylyň 7-nji martynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň dowamynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda milli ýük daşaýjy operatorlary, logistleri bilen ýurdumyzyň üstünden geçýän ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça türkmen demirýolçulary bilen geçelgeleriň geljegi boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.