Samsung

Ykdysadyýet

15.05.2024 21:50
1255
15-nji maýda Daşoguz şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow Daşoguz welaýatynyň häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow bilen duşuşdy. Gepleşigiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň we Daşoguz welaýatyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy barada möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
15.05.2024 21:02
1055
Jemleýji resminama “Ösüş maliýeleşdirmesini güýçlendirmek üçin ulag we energiýa birikmesi boýunça ýokary derejeli diolog: BMG-nyň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin «Durnukly ulagyň onýyllygy» - energiýa birikmesi üçin Aşgabat platformasy” ady bilen Baş Assembleýanyň 78-nji sessiýasynyň jemleýji resminamasy hökmünde kabul edilip, BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.
15.05.2024 18:07
569
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda Stambul şäherinden gelýän ýükleri «MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş.» kompaniýasynyň howa gämilerinden düşürip, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden awtoulaglara geçirip multimodal görnüşde Gazagystan Respublikasynyň Aktobe şäherine ugradyldy.
14.05.2024 13:25
1064
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow 2024-nji ýylyň maý aýynyň 13-14-i aralygynda iş sapary bilen Balkan welaýatyna gitdi.
11.05.2024 11:44
1019
«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» APJ Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen CASCA+ Türkmenistan – Ýewropa we Ýewropa – Türkmenistan ugry boýunça ýük daşamalar üçin ýörüte ýeňillikli bahalary hödürleýär.
10.05.2024 09:58
576
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn-duşuşyk boldy diýlip, Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň resmi saýtynda bellenilýär.
09.05.2024 21:15
1172
2024-nji ýylyň 7-9-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy.
09.05.2024 17:05
721
Kabul şäherinde türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşygy geçirildi. «TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow we Kabuldaky ilçi Hoja Öwezow edaranyň ýolbaşçysy bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň gidişi we durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly dürli meseleler barada pikir alyşdylar.
04.05.2024 20:40
1186
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Aziýa Ösüş Bankynyň her ýylky 57-nji duşuşygyna gatnaşýar.
01.05.2024 14:25
660
Geljek ýyl Tatarystanyň paýtagtynda halal önümleriniň marketpleýsi peýda bolar. Bu barada “Xoчy Halal” kompaniýasynyň baş direktory Anwar Jawburaýew Kazanda tamamlanan forumda habar berdi.