Samsung

Ykdysadyýet

06.08.2024 22:15
1365
2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň dowamynda Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz gämilerinde 1 400 000 tonna ýüküň, 3 345 konteýnerleriň, 10 546 awtoulaglaryň daşalşyny amala aşyryp, görkezijilerini geçen ýylkydan ýokarlandyrdy.
06.08.2024 21:05
1164
Elektron söwdasy Türkmenistandaky kiçi işewürligine täze halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Milli resminamalaryň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň Döwlet maksatnamasynda sanly ulgama geçmeklik ileri tutulýan ugur hasaplanylýar.
05.08.2024 10:08
913
“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) Hytaý Halk Respublikasyndan Türkmenistana we yzyna konteýner daşamagy yzygiderli guraýar. Konteýner otlylaryny guramak boýunça Türkmenistanyň milli operatory bolmak bilen, bu kompaniýa Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň konteýner terminalynyň hem operatorydyr.
04.08.2024 19:20
583
Halkara “Fitch Ratings” reýting agentligi Türkmenistanyň uzakmöhletleýin defolt emitentini (IDR) daşary ýurt walýutasynda “B +” -den “BB-” derejesine çykardy. Çaklama: – “Durnukly”.
04.08.2024 19:07
680
"The Japan Times"-yň habar bermegine görä, Ýaponiýa Merkezi Aziýa sebitine goşmaça ykdysady goldawy bermekçi. “Ýaponiýa-Merkezi Aziýa” sammitinde premýer-ministr Fumio Kisida tarapyndan birnäçe teklip bilen resmi taýdan çykyş edilmegine garaşylýar. Merkezi Aziýa sebitiniň ýurt baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky bu çäre indiki hepde Gazagystanda geçirilmeli.
04.08.2024 00:05
915
Türkmen wekiliýeti 3-nji awsgustda, ýagny Filippinler Respublikasyna saparynyň ikinji gününde, “Klark-Friport” erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä: “Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda ähmiýetli bolup, tejribe alyşmaga hem-de bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berdi”.
02.08.2024 20:40
967
Gollandiýadaky ýurduň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Gollandiýaly kompaniýalara oba hojalyk pudagynda söwda we halkara işewürligini ösdürmäge kömek edýän abraýly halkara guramasy "East-West Trade" guramasynyň dolandyryjy müdiri Muhammet Reza Maşadi bilen duşuşdy. Duşuşyga häzirki wagtda bu guramanyň geňeşçisi bolup işleýän Gollandiýanyň Gazgystandaky öňki ilçisi Piter van Lewen hem gatnaşdy.
02.08.2024 11:24
636
2024-nji ýylyň başyndan bäri Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan ulag geçelgesi oňyn netijeleri görkezdi, 100 sany ýük otlusynyň ugradylandygy hasaba alyndy we geçen ýyl bilen deňeşdirilende 103,94% ýokarlandy.
02.08.2024 09:04
1074
2024-nji ýylda oba hojalyk önümleriniň eksportynyň esasy bölegini garpyz bilen gawun tutdy.
01.08.2024 13:33
670
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) konteýner ýük otlylarynyň gatnawyny yzygiderli ýola goýmak we otlynyň gatnaw ugrunyň wagtyny azaltmak boýunça iş alyp barýar.