Rail-news.kz. saýtyň habar berişi ýaly, ýylyň başyndan Hazarüsti halkara ulag ugry boýunça Hytaýdan konteýner daşalyşlary geçen ýylyň şu wagtky görkezijilerine görä 14 esse artdyryldy.
Kabulda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow hem-de "TAPI Pipeline Company Limited" kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdylar.
Geçen anna güni “Kärhanalarda barlag işleri-2024” atly maskatnama boýunça Bütidünýä bankynyň okuw kusrlary tamamlandy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geçirilýän hem-de “Standart Hyzmat” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylýan bu bäş günlük okuwlar Bütindünýä bankynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji gezek kärhanalarda sowalnama geçirmek üçin ýerli interwýu alýan žurnalistleri we gözükdirjileri taýýarlady.
Owganystanyň Şäher ösüşi we ýaşaýyş jaý gurluşyk Ministrligi häzirki wagtda Deh Sabzda “Täze Kabul” taslamasynyň birinji tapgyrynyň ikinji bölegi boýunça işleriň alnyp barylýandygy hem-de häzirki wagtda bu işleriň 25 % tamamlandygy barada habar berdi.
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew hem-de Gazagystan Respublikasynyň wise-premýeri Serik Žumangarin ikitarapaýyn duşuşyk geçirip, ulag pudagynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşdyrlar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady meseleler boýunça premýer-ministriň orunbasary Abdul Gani Baradar bilen geçirilen onlaýn duşuşygynyň dowamynda syýasy we ykdsady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Owganystanyň çäginde TOPH taslamasy boýunça işlerini başlmaga taýýardygyny habar berdi.
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA – Japan International Cooperation Agency) infrastrukturany berkitmäge, statistiki usullary kämilleşdirmäge, ulag mümkinçiligi öwrenmäge we seýsmiki howpsuzlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe başlangyçlar we maksatnamalar arkaly Türkmenistanyň ösüşine işjeň goldaw bermegini dowam etdirýär.
Nagt däl töleglere gönükdirilen ählumumy işleriň döwründe, nagt ulanmak däbine wepaly bolup galýan Ýaponiýa soňky 20 ýylda ilkinji gezek üç sany täze banknot çykardy.