Samsung

Ykdysadyýet

21.10.2024 21:45
635
“Daewoo Engineering & Construction” (Daewoo E&C), mineral dökün öndürýän zawodynyň gurluşygynyň uly taslamasyny durmuşa geçirmäge isleg bildirýän hökmünde “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan saýlandy, bu barada kompaniýa 21-nji oktýabrda habar berdi. Bu taslama Günorta Koreýa bilen Türkmenistanyň arasynda dowam edýän hyzmatdaşlykda möhüm tapgyry alamatlandyrýar diýip, “BusinessKorea” işewür neşiri öz habarynda belläp geçýär.
21.10.2024 04:28
286
“KTZ Express” kompaniýasy hyzmatdaşlary bilen bilelikde Altynkol – Žetygen – Altynkol ugry boýunça iki hatarly ýüklenen konteýnerli synag otlusynda ýük daşaldy. Ýük daşamagyň bu görnüşi Gazagystanyň taryhynda ilkinji gezek amala aşyryldy diýip, “kapital.kz” habar berýär.
21.10.2024 02:55
599
18-nji oktýabrda, anna güni Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şansi welaýatynyň dolandyryş merkezi Siýan şäherinde bilelikde “Luban” ussahanasyny döretmek boýunça Şansi bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
20.10.2024 18:00
1293
29-njy Halkara maslahaty we sergisi Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriler.
19.10.2024 10:31
525
Gazagystanyň QazaqGaz milli gaz kompaniýasy we Hytaýyň CNPC milli nebit-gaz kompaniýasy gazak gazynyň eksporty we üstaşyr geçirilmegi barada maslahatlaşdylar.
19.10.2024 03:41
564
Gazagystanyň “Azyk korporasiýasy” döwlet kompaniýasy, ýurtdaky iň ýokary hasyly göz öňünde tutup, eksport mümkinçiligini durmuşa geçirmek üçin işjeň işleýär.
18.10.2024 10:27
562
Gazagystanyň “КазМунайГаз” milli nebit kompaniýasy we Hytaýyň CNPC milli nebit-gaz kompaniýasy nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler.
17.10.2024 23:45
450
16-njy oktýabrda Aşgabatda “Dizaýnyň hukuk goraglylygy. Ýewraziýa sebitindäki senagat nusgalarynyň hukuk goragy ulgamynyň ösüşi” atly seminar geçirildi. Ýewraziýa patent edarasynyň prezidenti Grigoriý Iwliýew forumda çykyş edip, bazarda harydynyň öňe çykmagy üçin bütin dünýä gatnaşyjylar tarapyndan senagat nusgalaryna isleg bildirilýändigini belledi. Emma Ýewraziýa ýurtlarynda intellektual eýeçiliginiň bu görnüşi entek doly derejede bahalandyrylmady. Ýewraziýa patent edarasy dizaýni patentlemek işini ýaýbaňlandyrmak üçin uly işleir alyp barýar.
17.10.2024 11:14
755
2024-nji ýylyň 3-5-nji noýabrynda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET-2024) atly Halkara maslahatyny we sergisini geçirmek üçin Aşgabatda şu wagtdan eýýäm güýçli depginde taýýarlyk işleri görülýär. Maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentliginiň bilelikdäki başlangyjy bolup, onuň hut soňkusynyň binýadynda halkara ýygnagyň geçirilmegi amala aşyrylar.
17.10.2024 09:19
590
Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow şu ýylyň 23-25-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) Halkara maslahatynyň we sergisiniň myhmany bolar. Mertebeli myhman “Ählumumy energetika bazaryndaky täze ugurlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bölümçäniň spikeri bolar.