Ulag mowzugy – 2025-nji ýylda ÝB we Merkezi Aziýanyň özara gatnaşyklarynda ilkinji nobatda
Ulag pudagy – Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan biridir. Muňa şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissarynyň kabinetiniň başlygy Lýusi Şestakowanyň arasynda geçirilen duşuşyk şaýatlyk edýär. Söhbetdeşligiň esasy mowzugy, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek şeýle hem ulag pudagyna ünsi jemlemek bilen Merkezi Aziýa bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklar boldy