Samsung

Ykdysadyýet

29.01.2025 20:50
322
Chevron korporasiýasy, onuň 50% golçur kärhanasy Tengizchevroil LLP-niň Gazagystanyň Tengiz nebit ýatagynda geljekki giňeltmek Taslamasy çäklerinde nebit önümçiligine başlandygyny habar berdi. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, bu taslama kuwwatlylygyň doly ulanylmagy bilen nebit önümçiligini günde 260 müň barrel artdyrmaga gönükdirilendir
29.01.2025 15:50
478
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy “DÖM durmuşa geçirmek üçin platforma, III döwür” atly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde “Salgyt düzgünleşdirmeleri we Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleri: töwekgelçilikleri azaltmak üçin amaly maslahatlar” atly mowzuk bilen webinar geçirdi.
29.01.2025 14:05
380
Halkara reýting agentligi Fitch Ratings Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna (DÄG) ätiýaçlandyryjynyň maliýe durnuklylygy (IFS) we emitentiň uzak möhletleýin defolty (IDR) boýunça «B» reýting derejesi berildi. Reýtingler boýunça çaklamalar – durnukly.
29.01.2025 13:55
233
Türkmenistanyň energetika ministrliginiň halkara elektrik energetika taslamalary Müdirliginiň başlygy Myrat Artykow Owganystanyň suw hojalygy we energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur bilen TOP-500 taslamasynyň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Owezow we iki ýurduň beýleki resmi wekilleri gatnaşdy. Bu barada «Eurasia Today» habar berýär.
28.01.2025 17:40
622
Gazagystan Türkmenistandan, Eýrandan we Türkiýeden geçýän, Ýewropa ugrukdyrylan alternatiw ulag ýollaryny ösdürýär. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi habar berýär.
28.01.2025 15:15
521
ABŞ-de täze dollar kagyz pullarynyň çykarylmagyna taýynlanýarlar. Bu başlangyjyň esasy maksady galp görnüşlerinden goraglylygy ýokarlandyrmakdan ybarat diýip, ABŞ-niň Haşamlama we basma edarasy habar berdi.
27.01.2025 17:00
483
Geçen ýyl Balkan welaýatyndaky Goturdepe we Barsagelmez nebit ýataklarynda işler geçirildi. Goturdepe ýatagyndaky ulanyş guýularynyň birinde geçirilen partlaýjy işler onuň öndürijiligini ýokarlandyrdy, şeýle hem «Galkynyş» gaz ýatagynyň guýularynda oňyn netijeler gazanyldy.
26.01.2025 22:15
928
24-nji ýanwarda, anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasy hödürlendi
26.01.2025 20:30
328
Yslamabatdaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleriniň “Gujranwala Business Centre” wekiliýeti bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
26.01.2025 19:30
533
“Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan–Azerbaýjan–ÝB ulag ugry üçin gowy geljegi açýar. Muny Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň orunbasary Beknazar Bazaralyýew mälim etdi diýip, Gyrgyzystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýär. Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, şu günki gün bu ugur doly işleýär – Gyrgyzystanyň ýük daşaýjylary eýýäm ony harytlary Ýewropa eltmek üçin ulanýarlar