Varda Space kosmos önümçiligi kompaniýasy orbitada derman serişdelerini öndürmek üçin täze platformany döretmek boýunça meýilnamasyny üstünlikli amala aşyrdy.
Lilah Porjes tarapyndan esaslandyrylan "Procode_Dress" brendi döredijiligi we programmirlemäni birleşdirmek arkaly robotlaşdyrylan ellerde hem-de 3D çaphana usulynda lybaslary döredýär. Şeýle usulda taýýarlanylan ilkinji lybaslar toplumy Nýu-Ýorkda geçirilen moda hepdeliginde görkezildi.
SpaceX kompaniýasy Starlink internet-hyzmatynyň käbir hemralaryny ulanyjylara ýakynrak ýerleşdirmek isleýär. Munuň üçin kompaniýa ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasyna öz hemralaryny Ýeriň üstünden 340-360 km belentlikde ýerleşdirmäge rugsat almak üçin ýüz tutdy. Bu häzirki ulanylýan orbitalardan 200 km pesdir.
“Samsung” telewozorlary öndürmekde dünýäde 18 ýyldan bäri öňdebaryjy bolmagynda galýar. Geçen ýylyň jemleri boýunça kompaniýa telewizor bazarynyň 30,1% -ini eýeledi.
Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýalar topary flagman görnüşli “Galaxy S24” modelli smartfonlary üçin ekologiýa taýdan arassa aksessuarlaryny tanyşdyrdy.
Birleşen Arap Emirlikleri emeli intellekt pudagynda täze ösüşleri netijeli ulanmagyň düzgünlerini döretmek üçin ählumumy synag meýdançasyna öwrülmäge taýýardyr.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 35 ýaşa çenli raýatlaryň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär.