Hindistanyň Ministrler Kabineti “IndiaAI” döwlet başlangyjyny tassyklady. Onuň maksady emeli intellekti ýurduň bähbitleri ugrunda işletmäge itermekden ybaratdyr.
Ýaponiýanyň maşyngurluşyk kompaniýasy «Suzuki» «uçýan awtoulaglaryň» önümçiligini ýola goýdy. Taslama «SkyDrive» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.
Gyrgyzystanda açyk deslapky kodly hususy operasion ulgamy işlenilip düzülýär. Munuň özi «Tonk Aziýa» gyrgyz kompaniýasy bilen Russiýanyň «Bazalt SPO» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugruna öwrüler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň köpugurly hyzmatlary Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
“SpaceX” kompaniýasy “Starlink” hemralary arkaly adaty telefondan maglumatlary iberdi. Bu barada «Direct to Cell» taslamasynyň işgäri Ben Lonmer “X” sosial ulgamynda mälim etdi.
Barselona şäherinde geçirilýän Ykjam tehnologiýalaryň kongresinde Germaniýanyň “Deutsche Telekom” kompaniýasy mobil goşundysyz işleýän smartfon düşünjesini tanyşdyrdy.