Barselonada geçirilýän Mobile World Congress dünýäniñ ykjam enjamlar senagatynyñ iri sergileriniñ birinde Hytaýyñ Lenovo kompaniýasy gapagynda gün paneli oturdylan Yoga Solar PC noutbugyñ taslamasy bilen tanyşdyrdy.
Microsoft kompaniýasy Skype internet-jañlar hyzmatynyñ ýapylýandygy barada habar berdi. Bu waka 2025-nji ýylyñ 5-nji maýynda bolup geçer. Bu baradaky karar ulanyjylaryñ arasynda has meşhur bolan kompaniýanyñ Microsoft Teams platformasynyñ ösüşine ünsi jemlemek bilen şertlendirilen.
Microsoft kompaniýasy Majorana 1-i – dünýäniň ilkinji topgeçiriji kwant çibini hödürledi. Bu topgeçirijiler täze madda ýagdaýyny döredýär – gaty, suwuk ýa-da gaz däl-de, topologiki. Hünärmenler topgeçirijileri XX asyrda ýarymgeçirijileriň döredilmegi bilen deňeçer düýpli açyş hasaplaýarlar
Samsung kompaniýasy Galaxy A tapgyrynyñ täze smartfonlarynyñ, şol sanda Galaxy A56 we Galaxy A36 modelleriniñ tanyşdyrylyşynyñ 2025-nji ýylyñ 2-nji martynda geçiriljekdigi barada resmi taýdan habar berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alynyp, «5G» tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny öwrenmek we Arkadag şäherinde ornaşdyrmak boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei» kompaniýasynyň arasynda tehniki hyzmatdaşlyk we tehnologiýa alyş-çalyşygy ýola goýuldy.