Gündogaryň iň ähmiýetli we söýgüli baýramçylyklaryndan biri – Halkara Nowruz güni – täze küşt ýaryşynyň Türkmenistan Gran-prisiniň birinji tapgyry paýtagtyň Küşt we şaşka mekdebinde tamamlandy
2025-nji ýylyň 20-nji martynda Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) taryhynda ähmiýetli waka bolup geçdi: ilkinji gezek Guramanyň prezidenti aýal boldy. Bu ýokary wezipä Zimbabweden ýüzmek boýunça iki gezek olimpiýa çempiony Kirsti Kowentri saýlandy. Saýlawlar Gresiýanyň Kosta-Nawarino kurortynda geçirilen HOK-yň 144-nji sessiýasynda guraldy.
Halkara Olimpiýa komitetiniñ Ýerine ýetiriji komiteti Los-Anjelesde 14-30-njy iýuly aralygynda geçiriljek 2028-nji ýylyñ XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlarynyñ maksatnamasyna sportuň boks görnüşini girizmegi teklip etdi. Bu baradaky karar 2023-nji ýylda döredilen täze World Boxing halkara guramasynyñ ykrar edilmeginiñ netijesi boldy.
Aşgabatda, Türkmenistanyň Küşt Federasiýasy tarapyndan guralan, düýbünden täze Gran-pri küşt ýaryşynyň ilkinji tapgyry başlandy. 17-nji martda badalga alan bu täsin ýaryşa jemi 127 oýunçy gatnaşýar: açyk kategoriýada 83, zenanlar kategoriýasynda bolsa 44 oýunçy bar
Beýik Britaniýada ilkinji gezek Aziýanyñ daşynda geçýän kabaddi boýunça Paddy Power Dünýä kubogy badalga aldy. Bu barada Insidethegames.biz onlaýn-neşiri habar berýär.
Halkara futbol federesiýasy (Federation Internationale de Football Association FIFA) FIFA Coin diýlip atlandyryljak şahsy kriptowalýuta tokenini döretmek mümkinçiligini işjeň maslahatlaşýar.
“Arkadag” futbol klubynyň futbolçylary AFK-nyň Çagyryşlar ligasynda üstünlikli çykyş etmegi dowam edýärler. Topar iki duşuşygyň netijeleri boýunça Hindistanyň “Ist Bengal” klubyny ýeňip, ýaryşyň ýarym finalyna çykmagy başardy.
25-nji fewraldan 8-nji mart aralygynda Petrowaseda (Çernogoriýa) 20 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda küşt boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistandan alty küştçi gatnaşdy – halkara giňişlikde mynasyp oýun görkezen üç oglan we üç gyz