Ilçi: Nowaýy bilen Magtymgulynyň poeziýasy özbek we türkmen medeniýetleriniň umumy hazynasydyr
Aşgabatdaky Özbegistanyň ilçihanasynda metbugat wekilleri üçin brifing geçirildi. Ilçi Akmaljon Kuçkarow žurnalistlere medeni we ynsanperwer ulgamlara aýratyn üns bermek bilen möhüm ugurlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi barada umumy maglumatlary berdi.