Taraplar Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny gruzin dilinde neşir edilmegini ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili bilen duşuşyk geçirdi.