Samsung

Medeniýet

24.10.2024 14:20
469
2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygyň (Astrahan ş.) ýardam bermeginde Astrahan oblasynyň N.K.Krupskiý adyndaky ylmy Kitaphanasynda Magtymguly pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylan şygryýet agşamy geçirildi.
24.10.2024 08:30
760
1-nji noýabrda Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýatdan çykmajak konserti geçiriler. Türkmenistanyň at gazanan artisti dirižýor Resul Gylyjowyň çeper ýolbaşçylygynda dünýä belli filmleriň meşhur sazlary ýerine ýetiriler.
22.10.2024 18:40
598
2024-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Ilçihananyň edara binasynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanan, Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri professor Nikolaý Waskiw bilen duşuşyk geçirildi.
20.10.2024 21:55
749
Aşgabatda 18-19-njy oktýabr aralygynda “Änew — türki dünýäniň medeni paýtagty — 2024” maksatnamanyň çäginde Türki dünýäsiniň ýazyjylaryň forumy we TÜRKSOÝ-nyň Ýazyjylar birleşiginiň mejlisi geçirildi.
19.10.2024 20:30
767
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň «Türkmen sazşynaslyk ylmynyň derwaýys meseleleri» atly ylmy we okuw-usuly maslahaty geçirildi.
18.10.2024 23:00
912
Şu gün Aşgabat Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy üçin ajaýyp sahna boldy. Bu waka diňe bir sungat baýramçylygy bolman, çäre şu ýylda gadymy Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraldy.
18.10.2024 17:35
836
17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) utgaşdyrmagynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Kaspiý deňiz we derýa ulaglary instituty bilen Astrahan oblastyndaky Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň bilelikde guramagynda institutda akyldar şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanylan aýdym-sazly döredijilik agşamy geçirildi.
17.10.2024 20:00
871
17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň guramagynda Maddy däl medeni mirasyň halkara güni mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň agzalary hem gatnaşdylar.
17.10.2024 14:30
839
Oktýabr aýynyň 14-18-i aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Sungat we dünýä” ady bilen Häzirkizaman sungatynyň X Halkara sergisi geçirilýär
17.10.2024 02:05
912
16-njy oktýabrda Änew şäherindäki Milli “Ak Bugdaý” muzeýinde iki sany meşhur arheologyň – Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň 95 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistan – gadymy siwilizasiýalaryň ojagy” atly halkara ylmy duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen we rus alymlary, hem-de olaryň beýleki ýurtlardan kärdeşleri gatnaşdy.