Türkmenistanda ýetip gelýän dynç günleri ýurduň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny baý mazmunly medeni çäreler bilen begendirer. Bu sanawda – daşary ýurtly sazandalaryň gatnaşmagyndaky konsertler, simfoniki orkestrleriň çykyşlary, şeýle hem ajaýyp oýunlar bar.
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 22-nji we 23-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Koreýanyň Medeniýet günleriniň geçirilýändigini begençli ýagdaýda habar berýär.
Golaýda Aşgabatda geçirilen “Gorkut ata” atly IV halkara kinofestiwalynda “Iň oňat çeper film” diýlip ykrar edilen “Magtymguly Pyragy” atly türkmen we özbek filmi indi Almatydaky “Ýewraziýa” kinoforumynda görkeziler
Noýabr aýynyň 22-ne Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Türkmenistandaky Germaniýanyň ilçihanasy tarapyndan guralan dabaraly konsert geçiriler. Medeni çäre däp nemes sazynyň ajaýyp eserlerini hödürlär.
Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir.
2024-nji ýylyň iýulynda Aşgabatda üstünlikli başlanan we hatda ýurduň çäginden çykyp, Moskwanyň Edebiýat institutyna çenli baryp ýeten “Sungatyň çatrygy” çeper taslamasy öz işini dowam etdirýär. Onuň maksady sungatyň dürli görnüşlerini birleşdirmek we jemgyýeti ýaş zehinler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr
Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Myhmanlara Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti görkeziler
15-nji noýabrda, anna güni Türkmenistanyň DIM-inde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşendigi bellenildi we gepleşikleriň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy