Şu gün, 1-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasy esasy milli baýramçylygy – HHR-iň Milli gününi belleýär. Bu sene, ýurduň ykdysady ösüşdäki haýran galdyryjy üstünliklerini we döwrebaplaşdyryş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşulularyny, mähriban enelerimizi we tutuş türkmen halkyny Ýaşulularyň halkara güni bilen gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge daşary ýurt Ilçihanalaryň, halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de Özbegistan Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Aşgabat şäher häkimligi Bitarap Türkmenistan şaýolunyň möhüm böleginde — Atamyrat Nyýazow we Arçabil şaýollarynyň çatryklarynyň aralygynda ulag hereketiniň doly dikeldilendigini mälim etdi.