Samsung

Ekodünýä

10.01.2023 03:33
1149
11-nji ýanwardan RF-de sürüjilere awtoulagdan, ýük awtoulagyndan, tirkegli ulagdan ýanýoda ýa-da tokaýda zir-zibili zyňandyklary üçin jerime ýazlyp başlanar. Düzgün administratiw hukuk bozmalar hakynda kodekse girizilen üýtgetmelere laýyklykda güýje girýär diýip, “Kommersant” ýazýar.
10.01.2023 01:33
1341
Şu ýylyň fewral aýynda MS Teams platformasynda onlaýn görnüşde geçiriljek “Türkmenistanyň şertlerinde öndümli döwrebap almaly baglygy döretmegiň aýratynlyklary” atly okuw maslahatynda almaly bagçylygy nähili ösdürip ýetişdirmelidigi hem-de bereketli hasyly nähili almalydygy barada gürrüň beriler. Forum USAID-iň Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasynyň çäklerinde guralar.
09.01.2023 05:57
905
Angliýada daşky gurşawyň hapalanmagyny azaltmak üçin plastmassa tabaklar we çemçe-çarşaklar ýaly bir gezeklik plastik önümler gadagan ediler.
06.01.2023 23:01
1220
Pariž ylalaşygynyň şertleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi 2100-nji ýyla çenli buzluklaryň diňe 50% halas edip biler, ýöne şertnama häzirkisi ýaly äsgermezlik edilse, bu görkeziji 32% bolar – diýip, The Guardian alymlaryň ylmy barlaglaryna salgylanyp ýazýar.
05.01.2023 15:23
1793
Tagamlaryň howa taýdan bitarap taýýarlanyş usullary bolan «Adamlar we planetalar üçin» atly täze kitap çap edildi (For People and Planet). Neşir meşhur baş aşpezler Manal Al-Alem we Hose Andres tarapyndan bütin dünýäniň kulinarlary we fermerleri bilen bilelikde taýýarlandy.
05.01.2023 15:14
1062
Şweýsariýadaky Alp daglarynyň eňňitlerinde dünýäde howanyň maýlamagy sebäpli emele gelen temperaturanyň derejesiniň ýokary galmagynyň netijesinde garlar ereýär. Öňler gar basýan dag gerişleri edil tomusdaky ýaly ýaşyl öwsüp dur – diýip, Şweýsariýanyň MeteoSuisse howa gullugy habar berýär.
26.12.2022 18:30
28612
Dünýäniň esasy şäherleriniň köpüsinde pürli agaçlara seýrek duş gelinýär. Emma Aşgabatda beýle däl. Bu ýerde sözüň doly manysynda her ädimde arçalary görmek bolýar. Olar şeýle meşhurlyga nädip mynasyp boldularka we ýaprakly «kowumdaşlary» bilen nähili düşünişýärlerkä?
26.12.2022 17:35
1434
Energetika ugry boýunça ýöriteleşýän bütin dünýädäki ýaş žurnalistler 2023-nji ýylyň 28-29-njy martynda Germaniýanyň paýtagtynda geçjek global “Energetika geçişi baradaky Berlin dialogyna” (BETD23) gatnaşyp bilerler. Bu barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
26.12.2022 16:23
1096
Dünýä ýüzünde bolup geçýän global maýlama we Ýerde howanyň üýtgemegi 2010-nji ýyla çenli Antarktidada janly organizmleriň ýok bolmagyna getirmegi mümkin. Iň gowşak görnüşleriň hataryna – imperator pingwinleri hem girýär - diýlip, PLO Biology žurnalynda çap edilen ylmy-barlagda nygtalýar.
23.12.2022 17:31
3205
Täze ýyl baýramçylyklary ýetip gelýär — eýýäm tiz wagtdan sagadyň jaňy 12 gezek urar. Bu bolsa sowgatlary taýýarlamagyň, baýramçylyk saçagy üçin tagamlaryň sanawyny düzmegiň, bir söz bilen aýdanyňda maşgala baýramçylygy üçin söwda etmegiň wagtynyň gelendigini aňladýar.