Samsung

Ekodünýä

03.06.2023 01:34
1557
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara toparyny döretmek hakynda karara gol çekdi - diýip, TDH habar berýär.
27.05.2023 11:31
945
Fransiýanyň paýtagty 2024-nji ýylda geçjek Olimpiýa we Paralmpiýa Oýunlary wagtynda bir gezeklik ulanylýan plastigi ulanmaklygy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Parižiň meri Ann Idalgo merleriň Halkara forumynda çykyş etmek bilen, beýan etdi.
26.05.2023 10:23
1298
Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda agaçlary oturtmak boýunça ekologiki çäre geçirdi. Çäre Azerbaýjan döwletini esaslandyryjy Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlandy.
25.05.2023 23:12
988
Şu günler Parižde Bütündünýä haýwanlaryň saglygyny goraýyş guramasynyň (OIE) her ýyl geçirilýän 90-njy mejlisi öz işini dowam edýär. Foruma agza döwletiň 182-siniň wekilleri, şeýle-de halkara guramalaryň bilermenleri gatnaşýar. Türkmenistana bu maslahatda ýurdumyzyň Döwlet weterinariýa gullugynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýär.
24.05.2023 20:47
1159
Garagalpagystanda Nöküs şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň daşky gurşaw bölümleriniň wekilleri biodürlüligi gorap saklamak boýunça serhetaşa hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, UzDaily.uz habar berýär.
20.05.2023 10:43
812
Galyndylaryň energiýanyň alternatiw çeşmesi hökmünde ulanylmak mümkinçiligi BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guralan seminarda ara alnyp maslahatlaşyldy.
19.05.2023 16:03
1555
Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary Begmyrat Ataýewiň baştutanlygynda Bangkokda geçýän Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Ykdysady we sosial komissiýanyň (ESKATO) 79-njy sessiýasynyň ugurdaş çäresiniň çäklerinde Aral meselesi barada tanyşdyryş bilen çykyş etdi.
19.05.2023 10:29
1071
Türkmenistan Duşenbede öz işini tamamlan howanyň üýtgemegi boýunça 5-nji Merkezi Aziýa Maslahatyna (ЦАКИК-2023) wekilçilik etdi.
17.05.2023 00:30
2359
Täze doglan guzylar paýtagt haýwanat bagynyň "ýaşaýjylarynyň" üstüni doldy. Bu baharda dag goýnunyň 9 guzusy dünýä indi.
16.05.2023 15:27
1453
14 sany täze buldozerler we ekskawatorlar Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda «Altyn Asyr» türkmen kölünde suw hojalyk işlerini geçirmek üçin tehnika parkynyň üstüni ýetirdiler – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.