Samsung

Wakalar

07.12.2024 08:45
282
6-njy dekabrda, anna güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda ýeñil senagaty önümleri satyldy.
07.12.2024 01:15
396
6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Duşuşygyň esasy mowzugy Hökümetiň şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we ýylyň ahyryna çenli galan döwür üçin esasy meseleler boldy
06.12.2024 15:30
135
5-nji dekabrda Aşgabatda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gatnaşyjy döwletleriň ýubileý maslahaty geçirildi, bu maslahat Şertnamanyň güýje girmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlandy
06.12.2024 09:31
416
2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ankara şäherinde «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk düşünjesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly, Gündogaryň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysynyň türk dilindäki täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
06.12.2024 09:25
361
5-nji dekabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyldy.
05.12.2024 16:20
473
Gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty özüniň çuň many-mazmunlylygy we çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýar. Nesilden-nesle geçip, özüniň gymmatyny ýitirmän, şu günlere çenli gelip ýeten halk-professional aýdym-saz sungaty häzirki döwürde has-da uly ösüşe eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmeniň Şükür bagşy, Hally bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Sary bagşy, Oraz Salyr, Mylly aga, Magtymguly Garly, Sapar Bekiýew, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Nurjemal Adyýewa, Çary Täçmämmedow, Ödenyýaz Nobatow, Gurt Ýakubow, Nurberdi Gulow, Mustak Aýmedow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akjagül Myradowa, Ilaman Annaýew kimin ussat bagşy-sazandalary köp. Nury Halmämmedow, Daňatar Öwezow, Weli Muhadow, Çary Nurymow ýaly zehinli kompozitorlarymyzyň her biriniň döredijiligi giden bir ummandyr. Olaryň aýdýan aýdymdyr dessanlary, çalan we döreden sazlary halkymyza ruhy goldaw berip, ýagty ertirlere ataryp geldi.»
05.12.2024 16:00
205
Şu gün Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Bobur Usmanowyň arasynda duşuşyk geçirildi
05.12.2024 14:50
337
Türkmenistanyñ Içeri işler ministrliginiñ Ýangyn howpsuzlyk gullugy TMCELL müşderilerine gyş paslynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniñ berjaý edilmeginiñ wajyplygy barada gysga maglumat arkaly habarly etdi.
05.12.2024 13:19
397
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) aý senenamasy boýunça Hytaýyň däp bolan Täze ýylynyň başlanmagynyň alamatyna öwrülen Bahar baýramyny hem-de onuň bilen baglanyşykly hytaý halkynyň durmuş tejribelerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu barada Sinhua habarlar agentligi belleýär.
05.12.2024 11:39
322
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň we Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň hünärmeniň düzümindäki türkmen wekiliýeti DARYA (Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket) sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Ýokary derejeli ýolbaşçy düzümiň (ÝDT) üçünji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.