Samsung

Wakalar

01.06.2025 20:19
228
Medeniýetiň we ýokary modanyň ajaýyp sazlaşygyna taýyn boluň! 11–13-nji iýun aralygynda Aşgabat moda merkezine öwrülip, bu ýerde TurkmenTextile Expo-2025 halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Bu diňe bir sergi däl — bu ruhubelent sungatyň baýramçylygydyr, bu ýerde öňdebaryjy türkmen dizaýnerleriniň döredijilikleri dünýäniň meşhur moda ýyldyzlary bilen bilelikde podiumda görkeziler
31.05.2025 19:00
305
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Osakada geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonynda maslahat geçirildi. Bu maslahat «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy
30.05.2025 23:22
179
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi
30.05.2025 20:03
329
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystanda geçirilen “Merkezi Aziýa – Italiýa” formatyndaky ilkinji sammite gatnaşandygy baradaky habar möhüm sebitleýin temalarynyň birine öwrüldi. Galyberse-de, “MA +”, häzirki ýagdaýda “MA – Italiýa” formaty, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýa Respublikasynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin özüni gowy tarapdan görkezen meýdançadyr
30.05.2025 06:00
258
Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýuny aralygynda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar
29.05.2025 02:50
337
28-nji maýda, çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşmak üçin wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi
28.05.2025 09:05
286
28-29-njy maýda Hytaýyñ günorta-gündogaryndaky Sýamen şäherinde Hytaýyñ we Ýuwaş umman Ada ýurtlarynyñ (PICs) daşary işler ministrleriniñ üçünji duşuşygy geçiriler. Çäräniñ başlygy bolup, HHR-iñ daşary işler ministri Wan I çykyş eder.
26.05.2025 19:45
344
26-njy maýda, duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
24.05.2025 23:25
351
24-nji maýda Pekinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi
21.05.2025 22:00
315
Wengriýanyň paýtagty Budapeştde 20–21-nji maý aralygynda Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) agza döwlet baştutanlarynyñ resmi däl sammiti geçirildi. Bu gurama türki döwletleriniň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredilen halkara guramadyr. Guramanyň doly hukukly agzalary: Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Türkiýe we Azerbaýjan. Wengriýa bilen Türkmenistan bolsa synçy ýurt hökmünde gatnaşýarlar