Medeniýet

“Dutaryň owazlary” festiwalynyň sungat direktory onuň çäklerinde nämeleriň boljakdygyny mälim etdi
11.10.2023
|17:05
|1802
Ýaş sazandalaryň bäsleşigi - 29-njy oktýabrdan 4-nji noýabr aralygynda Russiýanyň paýtagtynda ýedinji gezek geçiriljek Nury Halmamedow adyndaky “Dutaryň owazlary” atly halkara sungat festiwalynyň döredijilik özenidir. Festiwalyň iň möhüm maksatlaryndan biri: nusgawy sazyň ruhuny häzirki zaman şertlerinde gorap saklamakdyr. Bu maksatdan ugur alyp, çäräni gurnaýjylar, ýaryşa gatnaşmak isleýänleriň hemmesini kabul etdiler we bu ýylky ýüz tutanlaryň sany rekord derejede boldy.

Türkmeniň milli döredijilik dünýäsine syýahat: Aşgabatda «Lebap Handmade Exports» sergisi geçirildi
02.10.2023
|21:55
|2136
Milli amaly-haşam sungatynyň iň oňat türkmen senetçileriniň eserleriniň sergisi 30-njy sentýabrda Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Sergi şu ýazda Türkmenistanda başlanan «Lebap Handmade Exports» (Lebap HME), işewür inkubator maksatnamasynyň çäginde geçirildi.

Maestro Nikolaý Artýomowiç Amiýants: Mugallym, kärdeş we sazanda hakda hekaýa
22.09.2023
|16:09
|2412
Nikolaý Artýomowiç Amiýants, Türkmenistanyň meşhur sungat işgäri Maýa Kulyýewanyň adyny göterýän Türkmen milli konserwatoriýasynyň Saz gurallary kafedrasynyň dosenti. Ol Türkmenistanda skripka ýerine ýetiriş mekdebini esaslandyryjylaryň biridir.

Magtymguly barada filmi surata düşürýän döredijilik topary Moskwa bardylar
02.09.2023
|14:35
|1912
Magtymguly Pyragy barada film surata düşürýän Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijlik topary Moskwada bir günlük iş saparynda boldular. Olar kompozitor Mämmet Guseýnowyň gatnaşmagynda filmiň köpşahalay opera ýerine ýetirilýän sýužeti ekrana geçirýärler.

Brýusselde baýramçylyk agşamy: Türkmenistanyň baý mirasy bilen bezelen medeni çäre
01.09.2023
|20:45
|2127
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy, «Diplomatic World» instituty bilen bilelikde 31-nji awgustda agşam Brýusselde "Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary" atly sergi geçirdi.

Zehinler we muşdaklar: Moskwada türkmen sazandalarynyň konserti geçirildi
15.08.2023
|20:00
|1080
Türkmen sazandalarynyň - meşhur pianinoçy Wladimir Mkrtumowyň we zehinli skripkaçy Aýbolek Muhyýewanyň tomusda Moskwanyň Milli öýünde uly üstünlik bilen geçirilen döredijilik agşamyny diňe «zehinler we muşdaklar» diýip atlandyryp bolar. Batly tötänlik bilen şol günler men Moskwada bolup, Moskwanyň türkmen medeniýet jemgyýeti tarapyndan gurnalan bu ajaýyp konserte bardym. Russiýanyň paýtagtyndaky iň ýokary saz muşdaklarynyň Türkmenistandan gelen sazandalara nähili hormat goýup, garşy alýandygyny görenimde, elbetde, buýsançdan ýaňa joşa geldim.

Sungat barada söhbetler: türkmen suratkeşleriniň suratlarynda gapylaryň nyşany
09.08.2023
|03:29
|6312
Sungat – bu nyşanlaryň dünýäsi bolup, suratkeş bolsa geçiriji hökmünde öz işleriniň üstünden bize onuň syrly esasyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Art-nyşanlaryň täsin mysallaryndan biri gapylar bolup durýar. Türkmen suratçylarynda bu köp manyly keşp, esasy – öý maşgala ojagy hökmünde mowzugyň daşynda metaforiki we allegoriki düşündürilýär.

Polkownige hiç kim garaşanok .. , emma türkmen Myrada onuň konsertleri bilen Awstraliýanyň Melburnynda garaşýarlar
29.07.2023
|14:53
|1831
Melburn. Iýul. Ýyly gyş agşamy. Rus öýüniň howlusynda başagaýlyk we dyknyşyklyk bar. Meşhur rus režissýory we aktýory Sergeý Bodrow kiçä bagyşlanan «Dogan» konsertine petekler iki hepde öňünden satylyp boldy. Saz taslamasynyň guramaçysy, häzirki wagtda Awstraliýanyň şäherinde ýaşaýan Aşgabatly türkmen höwesjeň aýdymçy Myrat Arrykowdyr. Takmynan bir ýyl çemesi öň ol, «Soýgüli gözler» aýdymy bilen ýerine ýetirijileriň bäsleşiginde ýeňiji bolup, rus dilli Melburndaky tomaşaçylaryň ýüregini gazandy. Bu saz kompozisiýasy, aslynda oňa Melburnyň konsert meýdançalaryny «açdy». Orient bu barada okyjylaryna gürrüň beripdi.

Kuturýeden we fransuz kompozitoryndan bir köýnegiň hekaýasy - olary Türkmenistan bilen näme baglanyşdyrýar
01.07.2023
|22:10
|2264
Hekaýa 15 ýyl ozal, ýaş çatynjalaryň – Aşgabatdan işlemek üçin Özbek paýtagtyna gelen täze maşgala Göwher we Roman Guwerneniň hem-de «Buhara skripkasy» saz taslamasynyň çäginde Özbegistana baran meşhur kompozitor Pýer Tilua we aýaly Greta Komuryň tötänleýin duşuşan ýeri Daşkende bolup geçdi.

«Kamerata»-ny diňlemek we ruhlanmak: ýaş ansamblyň saz «magnetizmi» nämede?
27.06.2023
|20:12
|1430
«Aşgabat Kameratasynyň» konsertine barmak we sazandalaryň çykyşlaryna petek tapyp bilmek ukyby eýýäm janköýerler üçin gyzykly gözleg geçirmek ýaly bir zada öwrüldi. Artistler geçiriljek konsert programmasy üçin bildiriş goýan badyna saz söýüjiler we janköýerler çakylyk we petek almak üçin «aw möwsümini» açýarlar we ony tapansoň ýeňiji duýgusy bilen söýgüli güne garaşyp, sagatlary hasaplaýarlar. Tomaşaçylar täze saz täsirlerine garaşýarlar we paýtagtyň ýaş toparynyň indiki konsertine çenli özüni ruhlandyrýarlar we «iýmitlendirýärler».