Iň täze habarlar

Türkmeniň milli döredijilik dünýäsine syýahat: Aşgabatda «Lebap Handmade Exports» sergisi geçirildi

02.10.2023 | 21:55 |
 Türkmeniň milli döredijilik dünýäsine syýahat: Aşgabatda «Lebap Handmade Exports» sergisi geçirildi

Milli amaly-haşam sungatynyň iň oňat türkmen senetçileriniň eserleriniň sergisi 30-njy sentýabrda Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Sergi şu ýazda Türkmenistanda başlanan «Lebap Handmade Exports» (Lebap HME), işewür inkubator maksatnamasynyň çäginde geçirildi.

1.JPEG

Myhmanlar üçin niýetlenen sergi, türkmeniň milli döredijilik dünýäsine ajaýyp syýahat boldy. Taslamany gurnaýjylaryň Lebap HME bäsleşiginiň netijesi boýunça ýygnan, Lebap welaýatynyň ussat hünärmenlerini gözlemek üçin ekspedisiýa howasyna «girildi». Aşgabatda öz işlerini jemleýji tapgyra çykan 11 wekiller öz döredijiligini hödürledi. Olaryň arasynda halk senetçileri we eksperimental suratkeşler bar.

Maksatnamanyň nahili başladylanlygy barada «Lebap Handmade Exports» taslamasynyň başlygy Gülälek Welmyradowa Orient-e gürrüň berdi:

3.JPEG

— Men USAID-iň telekeçiligi we işewürlik gurşawy ösdürmek boýunça taslamasyna wekilçilik edýärin. Bu biziň sebitde geçiren ilkinji taslamamyz bolup, onuň ajaýyplygy biz oňa Türkmenabadyň we Lebabyň iň uzak etraplarynyň hem senetçilerini çekmegi başardyk.

askdjkas.jpg

Diýmek isleýänim, taslama ussalaryň özüni, şeýle hem olaryň durmuşyny hem düýbünden üýtgetdi. «Gaýtadan ýüklenen» ýaly boldylar – ýolumyzyň başynda bize özüne ynamy ýok, birneme gorkylary bolan adamlar geldi. Alty aýyň dowamynda «Lebap HME» maksatnamanyň 20 gatnaşyjysy gymmatly endikleri edindiler – önümiň bezegini, sosial ulgamlarda marketingi, göçürmäni, harydy digry surata almany we sanly marketingi ulanmagy öwrendiler.

4.jpg

We şu gün bolsa, biziň öňümizde düýbünden «täzelenen» adamlar dur. Olar öz harydyny ynamly tanadyp bilýärler we eýýäm ýerli we daşary ýurt market meýdançalarynda öz ornuny tapdylar. 20 senetçiden 11-i telekeçiler hökmünde hasaba alnyp, höwesini düşewüntli işewürlige geçirip, öz işini alyp barýarlar.

Şeýle hem, maksatnama aragatnaşygy we hyzmatdaşlygy, şol sanda el işi türkmen önümleriniň satyjylary üçin esasy maksatly bazar bolan täze işewür hyzmatdaşlar we ABŞ-da internet dükanlar bilen ýola goýmak üçin gowy mümkinçilikleri açdy.

5.jpg

Olar «öý» ussalaryndan üstünlükli işewürlere öwrüldiler. We has möhümi hem, olaryň harydyna isleg bar. Edil, eBay marketpleýsde hasaba alnandan soň birinji hepdesinde Ýaponiýaly alyjy türkmen kilimini satyn aldy. Gysgaça aýdanymyzda taslama köp sanly ussatlaryň durmuşyny üýtgetdi. Olaryň özüne bolan ynamy döredi we olar döredijiliginiň adamlara ýaraýandygyna, şonuň üçin olary planetanyň dürli künjeklerinden satyn alýandyklaryna düşündiler.

6.jpg

Muzeýiň birinji zalynda merkezinde «Lebap Handmade Exports»-iň gatnaşyjylary etniki stilde baýramçylyk we gündelik eşikleri, däp bolan dokmaçylygyň we halyçylygyň nusgalaryny, milli keşdeläp, oýulyp we surat çekilip bezelen interýer aksessuarlary we goşlary, başgaplary, golçur önümlerini, sowgatlyklary, relefli we surat çekilip bezelen jamlary, zergärçilik we kümüş şaý-sepleri we ş.m. başga zatlary hödürlediler. Bularyň ählisi elde ýasalan we köpüsi bir nusgada.

Şol gün taslamanyň guramaçylary maksatnamanyň on jemleýji tapgyra çykan ýeňijileriniň arasynda bäsleşik geçirdiler. Her gatnaşyjy öz önümini tanatdy we emin agzalaryna täze işewür-taslamalary hödürläp, özleriniň «Lebap HME» taslamasyna gatnaşýan döwründe gazananlary barada gürrüň berdi. Döredijilik bäsleşiginde üç senetçi ýeňiji boldy we lebap taslamasynyň iň ýaş, 15 ýaşly gatnaşyjysy Gülzada Nazarowa özüniň özboluşlylygy üçin eminlerden ýörite sowgat aldy.

Gülzada – adaty bolmadyk, dürlerden we monjuklardan örmek usulynda döredilen ýantorbalaryň awtory.

1696262370129.JPEG

— Ilkinji gezek internetde öz eliň bilen monjuklardan ýantorba ýasamagy öwredýän wideony görenimde men heniz 13 ýaşymdadym. Pikir gaty göwnüme ýarady we men özüm üçin adaty bolmadyk ýantorba etmek kararyna geldi. Elbetde birbada başarmadym, ýöne men hemmäniňkä meňzemeýän, ýalpyldaýan ýantorba bilen joralarymy haýran galdyrmak isledim. Men işlemegi dowam etdim we tiz wagtda bu senedi öwrendim. Ine, şu gün bolsa, men öz önümin bilen paýtagtyň uly sergisine gatnaşýaryn, - diýip ýaş ussa Orient-e gürrüň berdi.

1696262387126.JPEG

Bäsleşikde birinji orny Maýsa Öwezowa – milli kilimleri dokaýan halyçy aldy. Soň belli bolşy ýaly, olar diňe ýerli alyjylaryň däl, eýsem daşary ýurtlylaryň arasynda hem örän meşhur. Olar uly isleg bilen lebaply senetçiniň «Nusga» markaly önümini daşary ýurt söwda platformalary arkaly satyn alýarlar.

8.jpg

Maýsa üç çaganyň ejesi. Ol sanly tehnologiýalar bilen bagly başga bir taslamanyň hem gatnaşyjysy bolupdy. Ol el-işi edýänler üçin programma döretmegi öwrendi we baýrakly orna mynasyp boldy.

— Taslamalar meniň we maşgalamyň durmuşyny gowy üýtgetdi. Taslamalarda alnan bilemler maňa işimi üstünlükli alyp barmaga kömek edýär. Men işimi ulaltmagy, işgär almagy we öz harydymyň satyşyny artdyrmagy meýilleşdirýärin, - diýip ýaryşyň ýeňijisi öz duýgularyny paýlaşdy.

Ikinji we üçünji orunlary Türkmenatly dizaýnerler Mahri Baltaýewa we Gülçahra Açilowa gazandylar. Olar agşam kul edilşige we başga baýramçylyk çärelerine arkaýyn geýip boljak, milli we döwrebap eşikleri döredýärler. Her çeper elliniň öz gaýtalanmaýan stili we bezeg bölekleri bar.

10022023_USEMBASSY_PRESS_RELEASE_ATCH_5_7.jpg

Mysal üçin, Mähri Baltaýewanyň öz «aýratynlygy» - barhat we keteniden köýneklerini ol hünjiden düzülen milli nagyşlar bilen bezeýär. «Çan», «kürte goçak» ýaly milli nagyşlar onuň eşiklerinde öwüşgün atýan monjuklar bilen dikilip, agşamky eşige ajaýyplylyk we nepislik berýär. Ýüpek sapakdan suratlar, sütük we seçek bilen bezelen, ýere degip duran mantolary, trençleri we ýapynjalary bolsa, iň talap ediji modaçylar hem bahalandyrar.

Шаблон изображения в тексте.jpg

Dizaýner öz köýneklerine ajaýyp şaý-sepleri – hünji we iki monjuk bilen bejerilen broşka, asgy, ysyrga, bilezikler, şeýle hem keteniden we keşdeden döredilen başgaplary we el işi ýantorbalary hödürleýär. Toplumda keşp tamamlanan bolup, müderiler hem bir ýerden birnäçe özara utgaşýan owadan zatlary alandyklaryna hoşal bolýarlar.

Beýleki ýeňiji – Gülçehra Açilowa – tikinçileriň üçünji nesli. Ol diňe bir eşikleriň modellerini oýlap tapman, eýsem olary özi tikýärem.

— Men 12 ýaşymda tikip başladym. Belki-de başgaça bolup hem bilmezdi, sebäbi meniň enem we mamamm ejem we daýzalarym tikinçidi. Özümi bilelim bäri men hemişe dürli fasonlary öýlap tapýardym, synaglar geçirýärdim we tutuş maşgalam üçin tikýärdim. Üç gyzym bolsa hemişe meniň modellerim boldy.

1696262875492.JPEG

Men bu hünärde eýýäm 30 ýyl bäri we atelýe açdym, Türkmenabatda öz eşik kolleksiýamyň görkezişini geçirdim, owadan eşikleri döretmegi dowam edýärin we mundan beýläk hem öz işimi ulaltmagy meýilleşdirýärin. Men, «Lebap HME» maksatnamasyna minnetdarlygymy bildirýärin. Meni oňa gatnaşmaga guramaçylardan biri bolan Gulýa Maýliýewa Tajiýewa çagyrdy. Ol taslamanyň ähli tapgyrlarynda maslahatlary we gowy sözi bilen maňa goldaw we öňe gitmek üçin güýç hem-de ynam berdi diýip, bäsleşigiň ýeňijisi Gülçehra gürrüň berdi.

Türkmenabadyň tikinçisinde öz altyn düzgüni bar. Ol galyndysyz işlemekdir. Häzirki wagtda aýdylşy ýaly ekologiki. Muny oňa ejesi we enesi hem mamasy öwretdi. Gyýkyndylardan we matanyň galyndylaryndan Gülçehra başga täze önümi öndürýär – ýeňsizler, donlar, güpbiler, ýorganlar, pagta düşekler we köp sanly başga zatlar. Olaryň hemmesi moda laýyk we amatly görünýär. «Men ýokdan bar edip, täze zat döretmegi halaýaryn. Ähli zat eliň çeperligine we toslama bagly. Matanyň her bölejigi garderobyň bir bölegine ýa-da peýdaly öý goşuna öwrülýär. Men muny okuwçylaryma hem öwredýärin», - diýip Gülçehra Açilowa aýdýar.

1696262927382.JPEG

Sylaglama dabarasynda ÝB-niň ilçisi Beata Peksa çäräniň gatnaşyjylaryna ýüzlenip, indi araçägiň bolmadyk we adamlaryň, harytlaryň, maýanyň we hyzmatlaryň erkin dolanşygyndan hemmeleriň lezzet alýan Ýewropa Bileleşiginde, erkin sowdanyň adamlary ýakynlaşdyrýandygy we birek-birege – däplere we medeniýete gowy düşünmäge kömek edýändigi hasaplanýar diýip belledi. Bu bolsa iň gowy hyzmatdaşlyga, dialoga we parahat ýaşaşmaga kömek eder diýip, diplomat aýtdy.

Hakykatdan hem, döredijilik taslamalary, şol sanda «Lebap Handmade Exports» hem ähli territorial, ýaş araçäkleri edil aýyrýan ýaly. Muňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýüze golaý zehinli ussalaryň we suratkeşleriň gatnaşyjydygy şaýatlyk edýär. Aşgabadyň sergisiniň iň ýaş gatnaşyjysy 15 ýaşynda. Bäsleşýänleriň arasynda 70-den geçenlerem bar.

Шаблон изобрasdasdния в тексте.jpg

Taslama ilkinji gezek Türkmenabat şäherinden iki pensioner uýalar – el işiniň hünärmenleri Nazilýa we Alwara Rahmankulowlar gatnaşýarlar. Olar dokmadan dürli ýantorbalary we şopperleri öndürip, önümlerini welaýatyň reňkini we taryhyny görkezýän, keşdeler, suratlar we iň dürli şekiller bilen bezeýärler. Ussalar konferensiýanyň myhmanlaryny öz yhlasy, işjeňligi we reňkli tanyşdyryşy bilen haýran galdyrdylar. «Biz 75 ýaşymyzda, ýöne özümizi 25 ýaşly ýaly duýýarys. Birnäçe aýyň dowamynda täze senedi öwrendik we biziň önümimiz diňe Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtda hem uly islegden peýdalanýar. Onlarça ýantorba daşary ýurtlylar tarapyndan marketpleýsde satyn alyndy we häzir biziň sargydymyz köp we geljek üçin hem uly döredijilik meýillerimiz bar», - diýip öz çykyşynda uýalar Rahmankulowlar aýtdylar.

1696262991725.JPEG

Serginiň guramaçylaryndan biri, köplenç Gulýa Maýliýewna diýlip tanalýan Täjigül Kurbanowanyň aýdyşy ýaly: «Haçan-da adamlar döredijilik bilen meşgullanmaga başlanda, olar özlerini içinden düýpli üýtgedýärler, öz töweregindäkileri üýtgedýärler, maşgalasyna oňynlyk we abadanlyk berip, ruhy giňişlige eýe bolýarlar. Oňyn metamorfozalar bolup geçýär, negatiwler gidýär, başga gyzyklanmalar ýüze çykyp, durmuşa başgaça ýakynlaşma bolýar. Owadan we özboluşly zatlary döredip, olar şadyýan we bagtly bolýarlar». Bu bolsa, döredijilik taslamalary öz maksadyna ýetýär diýmekdir.

20230930_124046.jpg

«Lebap HME» maksatnamasynyň birinji tapgyry, 2023-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenabat şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, telekeçiligi we iş gurşawyny ösdürmek boýunça USAID taslamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işi boýunça Milli komissiýasynyň goldawy başlady.

Шаблон изофывражения в тексте.jpg

Guramaçylar, şuňa meňzeş taslamalary ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem başlatmagy we dünýä täze ussalary tanatmagy hem-de senetçilere halaýan işi bilen meşgullanyp gazanç etmegi öwretmegi meýilleşdirýärler.

10022023_USEMBASSY_PRESS_RELEASE_ATCH_7_7.jpg

Шаблофцвн изображения в тексте.jpg

1696263517538.JPEG

1696263582447.JPEG

1696263692218.JPEG

1696263469266.JPEG

1696263678024.JPEG

1696263715204.JPEG

1696263453422.JPEG

1696263362582.JPEG

1696263290201.JPEG

Шаблон изобраSAdжения в тексте.jpg

Шasdasdasdаблон изображения в тексте.jpg

1696263490600.JPEG

1696263530455.JPEG

Шаблоkghjн изображения в тексте.jpg

Шаблон изоsadaбражения в тексте.jpg

Шldncopsаблон изображения в тексте.jpg

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: