Iň täze habarlar

«Kamerata»-ny diňlemek we ruhlanmak: ýaş ansamblyň saz «magnetizmi» nämede?

27.06.2023 | 20:12 |
 «Kamerata»-ny diňlemek we ruhlanmak: ýaş ansamblyň saz «magnetizmi» nämede?

«Aşgabat Kameratasynyň» konsertine barmak we sazandalaryň çykyşlaryna petek tapyp bilmek ukyby eýýäm janköýerler üçin gyzykly gözleg geçirmek ýaly bir zada öwrüldi. Artistler geçiriljek konsert programmasy üçin bildiriş goýan badyna saz söýüjiler we janköýerler çakylyk we petek almak üçin «aw möwsümini» açýarlar we ony tapansoň ýeňiji duýgusy bilen söýgüli güne garaşyp, sagatlary hasaplaýarlar. Tomaşaçylar täze saz täsirlerine garaşýarlar we paýtagtyň ýaş toparynyň indiki konsertine çenli özüni ruhlandyrýarlar we «iýmitlendirýärler».

Şeýle-de bolsa, ol eýýäm ýakymly däbe öwrüldi. Elbetde, däp sözi onuň köp ýyllaryň dowamynda emele gelendigini aňladýar, ýöne «Kamerata» meselesinde bu, eger şeýle diýip bolsa «däp-dessur» çaltlaşdyrylan, has dogrusy ýokary tizlikli tertipde - bary-ýogy bir ýylda emele geldi. Ansamblyň özi 12 aý ozal peýda boldy we «Kamerata» saz ýaşyna görä «täze doglan» bolsa-da, aýdyň, arassa we ýiti sesi bilen gysga wagtyň içinde ajaýyp toparyň saz repertuaryna eýýäm berk «endik eden» tejribeli diňleýjileriň we janköýerleriň tutuş bir toparyny haýran galdyrmagy başardy.

«Aşgabat Kameratasynyň» nobatdaky altynjy konserti paýtagtyň «Watan» kinokonsert zalynda 2-nji iýulda geçiriler. Onda düzüm öz bir ýaşyny bellär. Çykyş maksatnamasyny hem artistler simwoliki «Bir ýyl bir gün ýaly» atlandyrdylar. Olar diňleýjilere möwsümiň dowamynda amsanblyň konsertlerinde ýaňlanan iň gowy eserlerini hödürlär. Olaryň bolsa şol döwürde ýüzlerçesi ýerine ýetirildi.

«Aşgabat Kameratasynyň» üstünlüginiň gizlinligi nämede? Belki-de köp žanrlylygynda we sazandalaryň klassikadan roka çenli eserleri orkestrleşdirip we öz üýtgeşik «kamerata» usulynda bu eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirip, synag geçirmekdäki we heniz görlüp-eşidilmedik saz taslamalaryny döretmekdäki gaýratyndadyr.

— Bu usul, has dogrusy, stil kompozisiýanyň sazandalary tarapyndan kesgitlenýär, olaryň hersi özbaşdak zehinli artist, tebigaty boýunça özbaşdak we özboluşly ýerine ýetiriş usuly bilen solist. Netijede, şunuň ýaly özboluşly hyzmatdaşlyk ajaýyp, wirtual we şol bir wagtyň özünde gaty estetiki we çylşyrymly ses berýär diýip, zehinli sazanda, skripkaçy we çeper ýolbaşçy Bahram Dolyýew gürrüň berdi.

— «Aşgabat Kameratasynyň» beýleki ansambllardan tapawudy has duýguly bolmagy. Gündogar sazandalary elmydama has joşgunly hasaplanýardylar we halka «berýän» zatlarynyň hemmesini ilki ýürekden we ruhdan geçirýärler. Şonuň üçin ýerine ýetiriş we ýaňlanma aýratyn bolýar. «Kameratanyň» artistleri hem munda kadadan çykma däl. Olar kompozisiýanyň her bir aýratynlygyny ele alýarlar we sahypadaky her notany tehniki taýdan belleýärler diýip, skripkaçy sözüni dowam etdi.

«Kameratanyň» ileri tutýan sazy – çynlakaý klassiki eserlerdir. Käbir ommaž ýerine ýetirijiler türkmen kompozitorlar mekdebine hormat goýýarlar - her konsert maksatnamasynda Rejep Rejepowyň, Nury Halmämedowyň, Röwşen Nepesowyň, Mämmet Guseýnowyň we beýlekileriň eserleri ýaňlanýar.

Häzir düzümiň sazandalary SSSR döwründe şöhle saçan we Bileleşigiň iň gowy ansambllaryndan biri hasaplanýan Nury Halmämedow adyndaky «Kirişli kwartetiniň» repertuaryny gaýtadan dikeltmegiň üstünde işleýärler. Ýakyn wagtda «Aşgabat Kameratasynyň» konsert maksatnamasyny Rejep Rejepowyň «Kwinteti», Nury Halmämedowyň «Kwarteti», şeýle hem meşhur türkmen awtorlarynyň nonetleri, septetleri we beýleki ajaýyp kompozisiýalary bezär. Soňra bu eserler artistleriň golaýda ýazmagy meýilleşdirýän «Aşgabat Kameratasynyň» saz albomyna girer.

Bularyň hemmesi birneme soň bolar, häzir bolsa sazandalar tomaşaçylara eýýäm tanyş we halanýan saz we wokal kompozisiýalarynyň ýaňlanjak, şeýle hem öwgä mynasyp teswirlere dalaşgär birnäçe eseriň ilkinji gezek ýerine ýetiriljek konsertine tolgunmak bilen taýýarlyk görýärler.

Konsert 2-nji iýulda Aşgabatda «Watan» kinokonsert zalynda sagat 18:00-da bolar.

Gulýa Geldiýewa

Foto: Bahram Dolyýew

Şeýle hem okaň: