Iň täze habarlar

Magtymguly barada filmi surata düşürýän döredijilik topary Moskwa bardylar

02.09.2023 | 14:35 |
 Magtymguly barada filmi surata düşürýän döredijilik topary Moskwa bardylar

Magtymguly Pyragy barada film surata düşürýän Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň döredijlik topary Moskwada bir günlük iş saparynda boldular. Olar kompozitor Mämmet Guseýnowyň gatnaşmagynda filmiň köpşahalay opera ýerine ýetirilýän sýužeti ekrana geçirýärler.

64f301d6410fc596717692.jpg

Filmiň bu bölegi Zurab Sereteliniň sungat galareýasynyň ajaýyp bezelen zallarynda surata düşürilýär. Oňa opera aýdymçy Darýa Duseýnowa, wiolinçi Anna Bobrowa gatnaşýarlar. “Magtymgulynyň monologlary” atly 5 bölümli opera 5 goşgydan ybarat bolup, ol 2007 – 2013-nji ýyllar aralygynda döredilipdir.

64f2fdf2ce778063103407.jpg

Mämmet Guseýnowyň sözlerine görä, ony döretmek pikiri Magtymgulynyň saýlanan goşgularynyň üsti bilen şahyryň ýaşaýyş baradaky filosofik pikirlerini beýan etmek maksadyndan döredi.

64f2fe3aba642067073556.jpg

Köp şahaly opera A.A.Ýurlowa adyndaky Döwlet hor akademiýasynyň kapellasy Mari Gusýewanyň ýerine ýetirmeginde Gnesiny adyndaky Russiýanyň sazçylyk akademiýasy tarapyndan ýazga geçirildi. Köp şahaly operanyň “Hakykat” monology 2010-njy ýylda Nadežda Ýurenowa adyndaky halkara festiwal bäsleşiginde 1-nji orna mynasyp boldy hem-de onuň gala-konserti “Rossiýa – Kultura” teleýaýlymynda görkezildi.

64f2fe682e7e4235316854.jpg

Magtymgulynyň goşgularyna Mämmet Guseýnowyň ýerine ýetirmegindäki saz eserleri Russiýada bolsun, Kanadada ýa-da Fransiýada bolsun islendik konsertde köpçülik tarapyndan gowy garşylanýar. Häzirki wagtda Darýa Guseýnowyň ýerine ýetirmeginde “Magtymgulynyň monologlary” köp şahaly operasy taýýarlanylýar.

64f304a6188c9096405938.jpg

ORIENT news

Foto: Mämmet Guseýnow tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: