Brýusselde baýramçylyk agşamy: Türkmenistanyň baý mirasy bilen bezelen medeni çäre
01.09.2023 | 20:45 |Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy, «Diplomatic World» instituty bilen bilelikde 31-nji awgustda agşam Brýusselde "Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary" atly sergi geçirdi.
Bu waka diňe adaty bir sergi bolman, eýsem, ol Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň, we Belgiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy, şeýle hem golaýda bellenjek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy ýaly möhüm senelere bagyşlandy.
Şeýle hem, bu çärede, Ýewropanyň we Türkmenistanyň medeniýeti bilen özara tanyşlyk bilen bir hatarda, diplomatik işjeňlik, işewür gepleşikler, söwda gatnaşyklary, dostlukly gatnaşyklary bellemek üçin adamlary birek-birege çyn ýürekden gyzyklanma we hormat esasynda birleşdirýän ykdysady we ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilik boldy.
Çäräniň geçiş derejesi, gatnaşan hormatly myhmanlaryň sanawy bilen subut edilýär. Olaryň hatarynda ÝB-niň dzüzümleriniň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala, Ýewropa Parlamentiniň agzalary we Brýusseliň diplomatik korpusynyň işgärleri bar. Ýewropanyň dürli guramalarynyň ýolbaşçylary hem bu medeni alyş-çalyş çäresiniň möhümdigini bellediler.
Bu ugurda iň esasy wakalardan biri Belgiýanyň taryhçysy, Brýusseliň Erkin uniwersitetiniň professory doktor Ýana de Maýeriň ýygyndysyndan gadymy türkmen şaý-seplerini görkezmek boldy. 1970-nji ýyllarda gönüden-göni Türkmenistandan satyn alnan, taryhdan dem alýan we rowaýatlar bilen örtülen bu önümlerde ýokary şaý-sep senetçiliginiň ussatlygy we çeperçiligi bardyr.
Emma sergi diňe bir türkmen zergerleriniň ajaýyp önümleri bilen çäklenmän, bu çäre türkmen halylaryny, dutar, gyjak we deprek ýaly halk saz gurallaryny, jikme-jik nagyşly milli eşikleri we başga-da köp zatlary öz içine alýan baý we tapawutly medeniýetiň görkezmesi boldy.
Türkmen milli tagamlarynyň ýakymly yslary we olaryň lezzeti agşamky ajaýyp baýramçylyk şowhunyny artdyryp, gatnaşyjylaryň göwnüni göterdi. Myhmanlar dürli tagamlardan lezzet aldylar, türkmen palawy, gyzaryp bişen gutap we altyn pişmelere aýratyn üns berdiler.
"Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary" dürli görnüşli ekspozisiýa ýaly diňe bir artefaktlaryň görkezilişi bolman, eýsem täsirli etnik gelip çykyşyna bagly, resmi däl aragatnaşyk üçin platforma, dürli halklaryň we nesilleriň wekillerini, geçen döwürleri häzirki döwür, we geljek bilen baglanyşdyrýan hakyky köpri boldy. Şeýle hem, bu sergi özüniň sahy, özüne çekiji gözelligi bilen türkmen halkynyň özboluşly taryhy we medeni baýlygyny ýene bir gezek ýatladyp geçdi.
Duýgulardan we täsinliklerden doly agşamyň iň täsir galdyryjy ýeri, Belgiýanyň orta mekdebiniň okuwçysy Ýustin Lazeriň Magtymgulynyň goşgusyny iňlis dilinde okamagy boldy. Ol hormatlanýan türkmen şahyry we filosofynyň mirasyndan “Bady sabany görsem” atly eserini saýlap okady.
Ýustin bu goşgyny okamak bilen, onuň manysyny ýetirmegi başaryp, ölmez-ýitmez setirleriň many çuňlugyny gowy görkezdi we Türkmenistanyň medeniýeti we edebiýaty bilen nädip gyzyklanýandygyny hem-de Magtymgulynyň bu goşgusynda özüne çeken zatlary diňleýjiler bilen paýlaşdy.
Beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine Ýewropada uly gyzyklanma, onuň mirasynyň şu günki güne çenli täsirini ýitirmedik ähliumumy we ýerlikli eserlerdigine şaýatlyk edýär.
ORIENT news