Iň täze habarlar

Sungat barada söhbetler: türkmen suratkeşleriniň suratlarynda gapylaryň nyşany

09.08.2023 | 03:29 |
 Sungat barada söhbetler: türkmen suratkeşleriniň suratlarynda gapylaryň nyşany

Sungat – bu nyşanlaryň dünýäsi bolup, suratkeş bolsa geçiriji hökmünde öz işleriniň üstünden bize onuň syrly esasyny öwrenmäge mümkinçilik berýär. Art-nyşanlaryň täsin mysallaryndan biri gapylar bolup durýar. Türkmen suratçylarynda bu köp manyly keşp, esasy – öý maşgala ojagy hökmünde mowzugyň daşynda metaforiki we allegoriki düşündürilýär.

Gapylar bizi onuň aňyrsyndaky zatdan goramak üçin, ýylylygy saklamak, ýakynlarymyzy goramak üçin ýapylýar. Gapylar ýagtylyk getirmek, dostlarymyzy salamlamak we dünýäni tanamak üçin açylýar. Bu «serhet ýagdaýyndan» ösüp, gapy köplenç biziň muzeýlerde we galereýalarda, döwrebap awtorlaryň sergilerinde görýän sungat eserlerinde ýüze çykýar we olaryň her birinde täsin düzünje we taglym getirýär.

Durmuş – bu her öz ädimiň saýlamasy. Bular şol bir wagtyň özünde giriş we çykmagy aňladýan «gapylar». Käwagt diňe bosagada duranymyzda gapynyň aňyrsynda näme bardygyny diňe çaklap bileris? Şatlyk ýa-da gynanç, geň galmak ýa-da lapykeçlik, kynçylyk ýa-da karar? Näme bolsa-da, diňe gapyny içine ýa-da daşyna tarap açyp öwrenip bolýar.

Bu daşarky we içki dünýämiziň görünýän we görünmeýän araçägi başyny çagalykda, dowamyny bolsa – ýaşyň geçmegi bilen eşitmek mümkin bolan, ýöne soňy näbelli köne tymsal ýaly suratçynyň syrly hyýalyny tolgundyrýar. Şonuň üçin her döredijilik işinde gapynyň özboluşly we toslama däl hekaýasy bar.

0.jpg

... Baýramdurdy Nuryýewiň suratlarynda köplenç gapyny we tamdyr görmek bolýar. Bu türkmenleriň däp bolan öý durmuşyna gönüden-göni salgylanma. Suratlarynyň birinde suratçy öýüniň gapysyny we göwni ýagty we rahat, eje ýylylygy we aladasyzlygy berýän biziň çagalygymyza çakylyk kimin ondan çykýan oglanjygy şekillendiripdir.

1 (1).jpg

Ýöne Baýramdurdynyň başga bir suratynda öňki gara öýden diňe bir gapy galan – hemme zadyň başgaça bolan wagty, ata-enäniň we aýalyň sesleri, çagalaryň gülkisi, dutaryň owazy eşdilýän, taýýar palowyň ysy siňen howa we ähli zadyň ýaraşyk we alada bilen dem alýan adamyň geçmişine giriş dramany görmek bolýar …

2 (1).jpg

Gapylar çuňňur ruhy syry saklaýarlar, olar zatlary, giňişlikleri, manylary we ýadyny öň we soňa bölýän bosagadan ätlemezden ozal geçmeli päsgelçilikdir. Suratkeş Mälik Goçmyradowyň suratynda hem şonuň ýaly gahrymanyň çagalygyna, bäbekleri birinji dogulandan galan zada dolanýan we bir döwümjik çörekden galýan aýratyn tagamyň bolan özbaşdak älemine könelişen gapy bar. Ýapyk gapy, bu gyzyň dünýäsini goramakdyr we şol bir wagtyň özünde, bu gapynyň daşynda bolmagy çagalykdan ululyga geçmegi aňladýar.

3 (1) (1).jpg

Ine, suratkeş Rüstem Abdullaýewiň filosofiki suratynda çeňňek we gulply gapy bar. Bu, tomaşaçylaryň gözüne görünmeýän, ozal dünýäsinde adamlardan çetleşmäge synanyşyp öýüniň gapylaryny ähli gulplar bilen gulplaýan garryja aýalyň hekaýasy. Ynha, ol günüň ýaşmagy bilen ýakynlary, goňşulary, täze durmuşdan myhmanlar gapysyny kakarlar we gelerler diýen umyt bilen bir gowşak çeňňek bilen gapysyny ýapýar ... Belki-de onuň düşünjesine görä, mundan beýläk gorkmaly zadynyň ýoklygy sebäplidir. Bu suratkeşiň işindäki gapy hem çäklendirmäniň, agyrlygyň we gelýän erkinligiň nyşanydyr.

4 (1) (1).jpg

Suratkeş Öwezmuhammet Lallykow uly gulp asylan gapynyň gapdalynda iti suratlandyrdy. Eýesi köpden bäri ýok, ýöne ol gussa we tükeniksiz umyt bilen uzaklara seredip garaşýar. Elbetde garaşanyna deger. Ilki seredeniňde surat umytsyzlyk berse-de, ak gapydaky gulp bilen tutawaç ikinji keşp bolup, bu hekaýanyň gowy gutarmagyna optimizm we ynam döredýär.

5 (1).jpg

Ähli halklar üçin kepderi ýagşylygyň, söýginiň, parahatçylygyň nyşanydyr. Arslan Atahanowyň adybir suratynda «Bagt guşy» gapa oturdy, bu bolsa has gowy, ýagty, adalatly durmuşa geçmegiň nyşanydyr.

6.jpg

Açyk gapylar elmydama türkmenler üçin myhmansöýerligiň, mähirli, ýakymly we şatlykly wakalara garaşmagyň nyşany hasaplanýar. Gurban Babatajowyň suratlary hem şony tassyklaýar.

Gapy – bu täze we köne, syr we ynsan ruhlarynyň ýylylygy, umyt we şatlyk ...

Biz täze duýgular dünýäsine gapylary açyp, açyşlara garaşyp, ýene sergä bararys.

Täjigül GURBANOWA

Foto: awtor

Şeýle hem okaň: