Iň täze habarlar

Zehinler we muşdaklar: Moskwada türkmen sazandalarynyň konserti geçirildi

15.08.2023 | 20:00 |
 Zehinler we muşdaklar: Moskwada türkmen sazandalarynyň konserti geçirildi

Türkmen sazandalarynyň - meşhur pianinoçy Wladimir Mkrtumowyň we zehinli skripkaçy Aýbolek Muhyýewanyň tomusda Moskwanyň Milli öýünde uly üstünlik bilen geçirilen döredijilik agşamyny diňe «zehinler we muşdaklar» diýip atlandyryp bolar. Batly tötänlik bilen şol günler men Moskwada bolup, Moskwanyň türkmen medeniýet jemgyýeti tarapyndan gurnalan bu ajaýyp konserte bardym. Russiýanyň paýtagtyndaky iň ýokary saz muşdaklarynyň Türkmenistandan gelen sazandalara nähili hormat goýup, garşy alýandygyny görenimde, elbetde, buýsançdan ýaňa joşa geldim.

Wladimir Mkrtumow– ajaýyp pianinoçy we sazanda, P.Çaýkowskiý adyndaky Moskwanyň konserwatoriýasynyň akademiki saz uçilişesiniň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymy Moskwanyň saz toparlarynda aýratyn tanyşdyrylmagyna zerurlyk duýmaýar. Ol köplenç Moskwadaky konsert meýdançalarynda çykyş edýär we belli bolşy ýaly,onuň bu ýerdäki çykyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

1-3.jpg

Agşamyň myhmanlary artistiň dostlary we synpdaşlary, meşhur sazandalar, Moskwa konserwatoriýasynyň we Gnessin adyndaky Russiýa saz akademiýasynyň professorlary we mugallymlary, şeýle hem saz söýüjiler we sazyň muşdaklary boldy.

Agşam Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetirmeginde Sergeý Rahmaninowyň eserleri bilen başlandy. Pianinoçynyň ýerine ýetirişi çuňňur many, özüne çekiji aňlatma bilen doly bolup, inçeden, tolgundyryjy jandan syzyp geçip, aşa güýç we şol bir wagtyň özünde sap aýdyňlyk we hereketiň takyklygy bilen haýran etdi. Sazanda, edil Rahmaninowyň özakymly ummanynda erkin we batyrgaýlyk bilen rus ruhuny şekillendirýän sesler bilen birmeňzeş tolkunynda ýalydy. Tomaşaçylar ajaýyp pianinoçyny höwes bilen alkyşladylar.

2-2.jpg

Wladimir Mkrtumow, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Nury Halmammedow adyndaky halkara bäsleşiginiň we beýleki abraýly saz ýaryşlarynyň I baýragyň eýesi. Ol 1997-nji ýyldan bäri Türkmen konserwatoriýasynyň «Ýörite fortepiano» bölüminde uly mugallym bolup işleýän görnükli mugallym. Artist işjeň döredijilik işini alyp barýar, köplenç Türkmenistanyň simfoniki we kamera orkestrleri bilen çykyş edýär we daşary ýurtlarda - Beýik Britaniýa, Ysraýyl, Russiýa, Ermenistan we beýlekilerde ýekelikde we kamera programmalary bilen çykyş edýär.

3-1.jpg

Mkrtumowyň ýerli konsert meýilnamasy hem has baý - çykyşlar diňe Aşgabatda geçmeýär. Ol köplenç tomaşaçylarynyň we muşdaklarynyň hemişe garaşýan Türkmenistanyň sebitlerinde saz gezelenjini edýär.

4-1.jpg

Ýöne Moskwanyň Milli öýüne gaýdyp geleliň - Wladimir Mkrtumow ajaýyp skripkaçy, TMK-nyň we Gnessin adyndaky saz akademiýasynyň uçurymy Aýbölek Muhyýewa bilen duetde çykyşyny dowam etdirdi. Ol köp sanly halkara ýaryşlarynyň baýragynyň eýesi we Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestrinde birinji skripka bolupdy.

5-1.jpg

Sazandalar türkmen kompozitorlary Nury Halmamedowyň we Çary Nurymowyň eserlerini Moskwanyň tomaşaçylaryna hödürlediler. Kompozisiýalar açyk, reňkli we duýgyly ýaňlandy. Esasy boýunça çuňňur milli we täsir güýji boýunça halkara bolan Halmamedow bilen Nurymowyň sazy hemmelere düşnükli. Ol ýürekden gelýär we şonuň üçin her diňleýjiniň kalbyna degýär.

6-1.jpg

Artistlere el çarpdylar we gül desselerini gowşurdylar - tomaşaçylar Türkmenistanly zehinli ýerine ýetirijilere öz begenjini we haýranlygyny beýan etdiler.

Konsert bireýýäm tamamlandy, emma myhmanlar entäk köp wagtlap dargaşman birek-birek bilen täsirli joşgunlaryny we ýatdan çykmajak duýgularyny paýlaşdylar. Saz baýramçylygy olaryň kalbynda dowam edýärdi we olar özleri bilen ajaýyp sungatyň jadyly gudratyndan ýakymly lezzetleri alyp gidýärdi.

Swetlana Kim

Foto: awtor

Şeýle hem okaň: