Iň täze habarlar

Polkownige hiç kim garaşanok .. , emma türkmen Myrada onuň konsertleri bilen Awstraliýanyň Melburnynda garaşýarlar

29.07.2023 | 14:53 |
 Polkownige hiç kim garaşanok .. , emma türkmen Myrada onuň konsertleri bilen Awstraliýanyň Melburnynda garaşýarlar

Melburn. Iýul. Ýyly gyş agşamy. Rus öýüniň howlusynda başagaýlyk we dyknyşyklyk bar. Meşhur rus režissýory we aktýory Sergeý Bodrow kiçä bagyşlanan «Dogan» konsertine petekler iki hepde öňünden satylyp boldy. Saz taslamasynyň guramaçysy, häzirki wagtda Awstraliýanyň şäherinde ýaşaýan Aşgabatly türkmen höwesjeň aýdymçy Myrat Arrykowdyr. Takmynan bir ýyl çemesi öň ol, «Soýgüli gözler» aýdymy bilen ýerine ýetirijileriň bäsleşiginde ýeňiji bolup, rus dilli Melburndaky tomaşaçylaryň ýüregini gazandy. Bu saz kompozisiýasy, aslynda oňa Melburnyň konsert meýdançalaryny «açdy». Orient bu barada okyjylaryna gürrüň beripdi.

1(ps).jpg

Ilkinji çykyşdan bir ýyl soň, Myrat Melburndaky saz söýüjilerine «Dogan» taslamasyny hödürledi – konsert maksatnamasynda rus režissýory Alekseý Balabanowyň «Dogan» we «Dogan-2» kult dilogiýasynyň aýdymlary bar. Köp sanly saz topary we olaryň kompozisiýalary filmleriň çykan döwründe hiç-hili tanalmaýardy ýa-da olar barada örän az adam bilýärdi – «БИ-2», «Tanslar minus», «Manyly gallýusinasiýalar», «Elzanyň ummany», «Çiçerina» we başgalar. Filmde Danila Bagrowyň baş keşbini aktýor Sergeý Bodrow kiçi ýerine ýetirdi.

2(ps).jpg

Balabanowyň filmi olary bir gijede meşhur etdi we kinoeposda ýaňlanan sazy bolsa, 80-nji, 90-njy we köpüsi dünýäniň dürli künjegine, şol sanda Awstraliýa göçüp giden öňki Soýuzyň wekilleriniň arasynda nol nesilleriň gimnine öwrüldi. Şonuň üçin Myrat taslamanyň mowzugy bilen edil «bürgüdi gözünden urdy» diýsegem bolýar. Ýygnananlar üçin ol ýaşlygyny we ýetginjeňligini, dogduk şäherini we çagalyk dostlaryny ýatlama konserti boldy.

3(ps).jpg

Melburndaky Rus öýüniň saz salonunda anşlag. Zalda geň galaýmaly, peteksizlerem ýerleşdiripdirler. Agşam bolsa häzirki wagtda meşhur ýaşaýyş jaýynyň stilinde geçirildi - oňaýly we mylaýym atmosfera we resmi däl ýagdaýda döredijilik duşuşygyny geçirmek mümkinçiligi bolup, bu ýerde tomaşaçylar saz bilen, çykyş edýän bolsa diňleýji bilen göni duşuşýar.

4-5 done.jpg

Aýdymçylaryň we toparlaryň ýerine ýetiren halaýan aýdymlary tomaşaçylary ýakymly ýatlamalara alyp gidýärdi. Şeýle hem, alyp baryjy Myrat Arrykowyň gyzykly kiçi hekaýalary aşhanada tomaşaçylary ýakymly duýgular bilen «magnitleşdirdi». Mysal üçin, tomaşaçylara «BI-2» toparynyň «Polkownige hiç kim ýazmaýar» aýdymyny, has dogrusy, onuň öňki görnüşiniň 1998-nji ýylda Melburnda ilkinji gezek ýerine ýetirilendigini bilmek gyzykly boldy. Soňra, 1999-njy ýylda, Russiýanyň «Çozuş» festiwalyna gatnaşandan soň, sazandalar režissýor Alekseý Balabanow bilen tanyşýarlar we «Dogan-2» filminiň ses ýazgysynyň döredilmegine gatnaşýarlar we filmde öz keşbini ýerine ýetirýärler. Bu blokbasterde ýaňlanan «Polkownige hiç kim ýazmaýar» aýdymy dessine hit bolýar we toparyň esasy kompozisiýalarynyň biri bolup galýar. Konsertde ony watandaşymyz Myrat ýerine ýetirdi.

6(ps).jpg

Konsertde ýerine ýetirilen başga-da bir hitiň gyzykly hekaýasy bar. 2000-nji ýylda häzirki ýyldyz Zemfiranyň «Gözledim» atly täze aýdymy çykýar we aýdymçynyň albomyna girip ýetişmänkä «Dogan-2» filminiň ses ýazgysy hökmünde tassyklanýar. Film çykandan soň, kompozisiýa «Biziň Radiomyzda» hit paradynyň birinji setirini alýar we şu güne çenli aýdymçynyň iň gowy aýdymlarynyň hataryna girýär.

7(ps).jpg

Belki-de köpler bilýän däldir, «Dogan» dilogiýasynyň birinji bölümi otuz bir günde surata düşürilip, filmiň býujeti takmynan 10 müň ABŞ dollary boldy, ýagny film öz hasabyna düşürildi. Köp aktýorlar ýönekeý tölege, käbiri asyl mugtam işlediler. Filmiň saz bezegi barada aýdylanda bolsa, Balabanow Nautilus Pompilius toparynyň lideri, kompozitor we aýdymçy Wýaçeslaw Butusow bilen özboluşly çalşyk – Nautilus-dan mugt saz we Balabanowdan bolsa, filme esaslanýan klip ylalaşygyny baglaşdylar. Şeýlelik bilen, ilkinji film üçin ses ýazgylarynyň hemmesini diýen ýaly rok sazandasy Slawa Butusow ýazypdyr we ýerine ýetiripdir. Melburndaky «Trali-Wali» toparynyň ýerine ýetiren «Ýagyş wagtynda» aýdymy tomaşaçylar tarapyndan joşgun bilen garşylandy.

8(ps).jpg

Konsertde ýaňlanan her kompozisiýanyň öz deslapky hekaýasy bardy. Kinoepopeýa üçin ajaýyp aýdymlar saýlandy. Olaryň käbirleri filmlerde ýaňlandy, käbirleri bolsa kadryň arkasynda galdy. Ýöne olaryň hemmesi «Dogan-2» we «Dogan-2 girmedikler» albomlaryna girizildi. Bu «bortyň aňyrsynda galan», şol günüň agşamyny bezän aýdymlaryň biri hem, «Heläkçilikli waka» toparynyň «Çägeli karýerleriň generallary» aýdymydy.

9(ps).jpg

Aýdymçylarwe wokalçylar saz toparlary bilen çalşyp çykyş edýärdi. Soň bolsa programma «açyk mikrofon» stilinde dowam etdi – eýýäm sahna aýdym aýtmak üçin «öýüň» myhmanlary çykýardy. Garaz, aýdyşy ýaly, oturylyşyk üstünlikli geçdi - sazandalaram, tomaşaçylaram «lezzet» aldylar.

10(ps).jpg

– Elbetde men bu taslamany başlanda gaty alada etdim - bu ýerde mesele diňe bir sahna çykyp aýdym aýtmak däldi. Gürrüň ähli tapgyrlaryň guralmagyndady. We konsertden soň tomaşaçylaryň hem, sazandalaryňam minnetdarlyk sözleri bilen meniň ýanyma gelmekleri örän ýakymly boldy. Ilkinji blin diýseňem tokgaly çykmady, gaýtam tomaşaçylaryň beren teswirlerine görä owadan we tagamly tort boldy. Agşamdan soň sazandalar bilen gyzgalaňly çekeleşikler başlandy we hatda gyzzyrmada-da geljekdäki çykyş üçin pikirleri «atdylar», - diýip taslamanyň awtory Myrat Arrykow Orient-e gürrüň berdi.

11(ps).jpg

Melburun bomondy sesli türkmeni kabul etdi. Häzirki wagtda ol şäheriň saz toparlarynda tanalýar we söýülýär hem-de her çykyşyndan soň onuň janköýerleriň sany köpelýär. Galyberse-de, artist üçin esasy zat adamlara ýany bilen öýlerine alyp gidip, bu ýakymly şadyýanlykda galýan janly duýgularyny bermekdir. Myrat Arrykow hem olara edil şeýle ýagdaýy berýär, şonuň üçin onuň çykyşlaryna Melburnda garaşýarlar.

12(ps).jpg

Gulýa Geldyýewa

Foto: Alex James tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: