Gelejegiň hatyrasyna bilelikde: Parahatçylygy goramak ugrunda ählumumy ýaşlar başlangyjyna goldaw
09.08.2025 | 23:15 |Ýakynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ýaşlar forumy geçirildi. Bu çärede “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köpri gurmak” atly Ýaşlar Jarnamasy hödürlenildi. Ol beýleki möhüm başlangyçlar bilen utgaşýar.
2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Pekinde “Parahatçylygyň hatyrasyna bilelikde” şygary bilen ýaşlar parahatçylygyň tarapdary ählumumy maslahaty üstünlikli geçirildi. Oňa 130 ýurtdan 3000-den gowrak ýaş wekiller gatnaşdy. Hut şol ýerde “Parahatçylygy goramak ugrunda ählumumy ýaşlar başlangyjy” kabul edildi. Onuň düzgünleri Awazada beýan edilen pikirler bilen sazlaşýar. Türkmen ýaşlarynyň wekiliýeti hem bu taryhy waka işjeň gatnaşdy.
Biz türkmen ýaşlarynyň Hytaýa bolan saparyndan we bu giň gerimli maslahata gatnaşmaklaryndan alan täsirleri barada öň hem gürrüň beripdik. Bu sapar dostlugyň we özara düşünişmegiň berkidilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülen, «Beýdadaky ýaşlar forumy ýüreklerde agzybirlik uçgunlaryny döräp bildimi? hem-de «Ni-hao, Hytaý! Salam, Çynmaçyn!» atly makalalarymyzda giňişleýin beýan edilýär.
Maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin planetamyzyň geljegi ýaşlaryň elinde diýip belledi hem-de dünýä ýaşlaryny parahatçylykly ösüşe we adamzadyň bir ykbal jemgyýetini gurmaga işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Dünýä antifaşistik urşundaky gazanylan Ýeňşiň hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän maslahata gatnaşyjylar “Parahatçylygy goramak ugrunda ählumumy ýaşlar başlangyjy” bilen çykyş etdiler. Bu dünýä ýaşlaryna gönükdirilen çagyryş bolup, bilelikde hereket etmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Başlangyjyň esasy çagyryşlary:
Parahatçylygyň goragçylary. Ýaşlar parahatçylygyň gymmatlygyna düşünmeli we ony amaly hereketler bilen goramalydyr. Uruşlara we zorluklara garşy hökmany suratda garşy durmaly, bir taraplaýyn çemeleşmeleri we proteksionizmi ret etmeli, BMG-niň merkez hökmündäki eýeleýän halkara ulgamyny goldamaly.
Siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogyň öňbaşçylary. Başlangyç ýaşlary siwilizasiýalaryň arasynda deňlik we sabyrlylyk ýörelgelerini goldamaga çagyrýar. Ýaşlar medeniýetleriň arasyndaky sazlaşykly ýaşamagy ösdürip, hökmany suratda alyş-çalyş we özara ykrar etmek arkaly päsgelçilikleri ýeňip geçmelidir.
Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tarapdarlary. Ýaşlar BMG-niň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş üçin gün tertibini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaly, ählumumy ösüşde bar bolan ýetmezçilikleri ýeňip geçmek üçin köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaly.
Howanyň üýtgemegine garşy göreşe gatnaşyjylar. Bütin dünýädäki ýaşlar ählumumy howanyň üýtgemegine işjeň jogap bermeli, innowasion çözgütleri teklip etmeli we ählumumy ekologik dolandyryşyň gowulanmagynda özleriniň jogapkärçiligini görkezmeli.
Ylym we tehnikany parahatçylygyň ulanylmagynyň tarapdarlary. Ýaşlar tutuş adamzadyň abadançylygy üçin ylmy-tehniki ösüşleri öňe ilerletmek, inklýuziw we adalatly geljegi gurmak üçin emeli aň ýaly täze ugurlarda başlangyç we jogapkärçilik çekmeli.
Segsen ýyl öň ata-babalarymyz agyr pursatlarda agzybirlik bilen garaňkylygy ýagtyltdy; segsen ýyl geçen soň ýaşlar geljegi öz hereketleri bilen kesgitlemeli. Ýaşlaryň başlangyçlary eli ele berip, adamzadyň ykbal jemgyýetini döretmäge çagyrýar.
Gadyrly dostlar! Şu salgy boýunça başlangyjyň doly görnüşi bilen tanyşmak we Instagram sahypasynda laýk goýmak, paýlaşmak we goşulmak üçin çagyrýarys.
Enejan KEPBANOWA