Iň täze habarlar

Hytaý kompaniýasy Türkmenistana Hazaryň düýbüni çuňlaşdyrmak işleri üçin läbik sorujy snarýady iberdi

09.05.2023 | 15:26 |
 Hytaý kompaniýasy Türkmenistana Hazaryň düýbüni çuňlaşdyrmak işleri üçin läbik sorujy snarýady iberdi

Qingdao Relong Technology Co., Ltd. hytaý kompaniýasy Hazar şäheriniň golaýynda Hazar deňziniň kenarynda düýbi çuňlaşdyrmak işleriniň geçirilmegi üçin läbik sorujy dredgingi Türkmenistana iberdi – diýip, Dredging Today habar berýär.

«Durnukly ykdysady ösüşiň meýilnamalary bilen baglanyşykly we bu suw ýollary arkaly üznüksiz nawigasiýany üpjün etmegiň zerurlygy sebäpli, Hazar deňziniň töwereginde düýbi çuňlaşdyryjy gämileriň has köp sanyna isleg artýar, biz üpjün etmeleri artdyrmaga taýýardyrys» – diýip, kompaniýada beýan etdiler.

Gerimli işler kenarýaka liniýany Hazar portunyň gämileri üçin olary ýüzüp biler ýaly eder. Läbiki sorujy dredgingiň täze Relong 650 Model CSD modeliniň kuwwatlygy 5 müň m3/sagada deňdir we ol 20 metr çuňluga ýetmäge ukyplydyr.

ORIENT habarlar

Foto: headdredging.com

Şeýle hem okaň: