Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki geçiş nokadyndan geçirijilik ukybyny 12 esse artdyrar
04.05.2023 | 10:51 |Gazagystan Türkmenistan bilen araçäkdäki «Temir-baba» geçiş nokadynda serhet geçelgelerini döwrebap;aşdyrmak boýunça işleriň başlanmagy sebäpli ulag serişdeleriniň geçirilişini çäklendirdi, ol 2024-nji ýylyň aýagyna çenli geçirijilik ukybynyň 8-12 esse artdyrylmagyny üpjün eder.
Şunda Mangistau oblastynyň Döwlet girdejileri departamenti hereketiň doly ýapylmandygyny habar berýär. Döwrebaşlaşdyrma araçäkden geçmek wagtyny 25 minuda çenli kemeltmäge mümkinçilik berer.
Geçiş nokadyny fiziki şahslary tanamak, el goşlaryna, harytlara we awtoulaglara gözegçilik etmek üçin iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem maglumatlary alyşmagyň döwrebap ulgamy we ulag serişdeleriniň üznüksiz hereketine gözegçiligiň awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrylar.
«Temir-baba» geçiş nokadynyň ýanynda täze ammar binalaryny, ulag meýdançalaryny, ýörite karantin duralgalaryny gurarlar, şeýle hem biri-birini kesip geçme halatlaryny aradan aýyrmak üçin awtoulag akymlaryny bölerler.
ORIENT habarlar