Iň täze habarlar

Türkmen işewürler wekiliýeti hyzmatdaş gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen Rumyniýa sapar bilen bardy

05.05.2023 | 13:39 |
 Türkmen işewürler wekiliýeti hyzmatdaş gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen Rumyniýa sapar bilen bardy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň düzümdäki işewürler wekiliýeti Rumyniýanyň hususy toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi – diýip, Buharestdäki türkmen diplomatik wekilhanasy habar berýär. Duşuşygyň esasy maksady – türkmen-rumyn ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekdir.

Türkmenistanyň wekilleri Avangarde Group maýa goýum kompaniýasy tarapyndan gurnalan forumyň çäklerinde Rumyniýanyň kiçi we orta kärhanalaryna ýardam etmek mümkinçiliklerine seretdiler.

Soňra Buharestde ýerli söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň işewür mümkinçilikleriniň güni» gurnaldy. Bu ýerde türkmen işewürleri rumyn kärdeşlerini Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň maýa goýum özüne çekijiligi bilen tanyşdyrdylar.

Türkmen himiýa senagatynyň, dokma we gurluşyk senagatynyň önümleri rumyn kärhanalarynda uly gyzyklanma döretdi.

Soňra myhmanlar Ploýeşti şäherindäki Prahowo raýonynda Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Rumyn bilermenleri türkmen telekeçilerine rumyn senagatynyň sebitleýin aýratynlyklary, statistika maglumatlary we hyzmatdaşlygyň mümkinçiligi barada habar berdiler.

TSTB-niň agzalary kärdeşlerine Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty barada jikme-jik maglumat berdiler.

ORIENT habarlar

Foto: romania.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: