Arkadag şäheriniň häkimligi jemagat tehnikasyny we awtoulaglaryny satyn alar
11.05.2023 | 14:39 |Arkadag şäheriniň häkimligi jemagat awtoulaglaryny we tehnikasyny satyn almak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi. Bildiriş resmi türkmen metbugatynda çap edildi.
Gyzyklanýan taraplaryň teklipleri üstümizdäki ýylyň 21-nji iýunyna çenli şu salgyda kabul ediler: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 30 (şäher häkimliginiň jemagat hojalygy bölümi).
Habarlaşmak üçin telefon: +993 12 52-51-31.
Ozal Türkmenistanyň ýurduň ilkinji «akylly» şäheri üçin elektrokarlary satyn aljakdygy habar berlipdi.
ORIENT habarlar