Iň täze habarlar

Rockwell Automation önümçiligi döwrebaplaşdyrmak üçin Türkmenistanyň bazaryna çykýar

09.05.2023 | 15:41 |
 Rockwell Automation önümçiligi döwrebaplaşdyrmak üçin Türkmenistanyň bazaryna çykýar

Senagaty awtomatlaşdyrmak üçin maglumatlar önümini amerikan üpjün edijisi Rockwell Automation we onuň paýlaýjysy AB Market Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bazarlaryna çykýarlar.

Rockwell Automation we AB Market bu ýurda maýa goýýan özüniň halkara müşderilerine goldaw bermek isleýärler we sebite maýa goýýan bütindünýä we ýerli guramalar üçin täze mümkinçilikleri döretmek isleýärler – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň gaýtadan işleýji senagatynda belli bir ösüşleriň gazanylýandygy mese-mälimdir. Rockwell Automation kompaniýasynyň tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy türkmen öndürijilerine çykarylýan önümiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Öz gezeginde, AB Marketiň paýlamagy kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýän beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga kömek eder.

ORIENT habarlar

Foto: biztimes.com

Şeýle hem okaň: