Iň täze habarlar

Türkmenistanyň hususy pudagynyň dolandyryjylary Germaniýada tejribelik geçmäge çagyrylýarlar

12.05.2023 | 11:49 |
 Türkmenistanyň hususy pudagynyň dolandyryjylary Germaniýada tejribelik geçmäge çagyrylýarlar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde hususy pudagyň dolandyryjylaryny dolandyryjy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak Maksatnamasynyň çäklerindäki okuwa 2023-nji ýyl üçin dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik geçmäge çagyrýar.

Maksatnama seçilip alnan gatnaşyjylar onlaýn görnüşde (6 hepde) okamaga we Berline iki hepdelik tejribelik gitmäge mümkinçilik alarlar.

Dalaşgärler ýokary bilimli, kärhananyň ýolbaşçysy ýa-da menejeri (dolandyryjysy) bolmaly we azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmalydyr. Şeýle hem gatnaşyjylaryň Germaniýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmasy bolmalydyr we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen taslamany taýýarlamalydyrlar.

Okuw, ýaşaýyş, 2 wagtyna nahar we Germaniýanyň çägindäki ulag çykdajylary Maksatnama tarapyndan tölener. Uçar biletlerini öz hasabyňa almaly bolar.

Maksatnama gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine şu aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

— şahsy maglumatlar bilen doldurylan anketany,

— içerki pasportyň we daşary ýurt üçin pasportyň nusgalary,

— bilim baradaky diplomyň nusgasy,

— zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy,

— patentiň nusgasy (telekeçiler üçin),

— TSTB-de agzalygy tassyklaýan resminamanyň nusgasy,

— iş ýerinden häsiýetnama (ýuridiki şahslar üçin),

— 3х4 ölçegdäki 4 fotosurat,

— elektron we çap edilen görnüşde anketa (ýükläp almak üçin resminamalaryň sanawynda bar),

— PowerPoint formatynda taslama barada prezentasiýa - elektron we çap edilen görnüşde.

Doldurmak üçin anketany we beýleki resminamalary şu salgylanma boýunça ýükläp alyp bolýar.

Ähli soraglar boýunça şu telefon belgilerine ýüz tutmaly: (+993 12) 39-43-55, 39-45-72.

ORIENT habarlar

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: