“Komatsu” kompaniýasy Merkezi Aziýa bazary üçin öz şahamçasyny döredýär
07.05.2023 | 04:45 |Ýaponiýanyň “Komatsu” maşyngurluşyk korporasiýasy Merkezi Aziýa sebitinde gurluşyk we magdan enjamlary üçin satuw we hyzmat işlerini güýçlendirmek üçin Gazagystanda öz şahamçasyny döreder. Täze kompaniýa 2023-nji ýylyň awgust aýynda işe başlamaly - diýip, agyr tehnika öndürijisiniň metbugat beýanatynda bellenilýär.
Bu maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek bilen, “Komatsu” kompaniýasy Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň bazarlarynda öz ornuny berkitmäge we ösdürmäge umyt baglaýar.
“Komatsu” ozal sebitdäki distribýutorlaryň üsti bilen gurluşyk we magdan enjamlarynyň satuwy we hyzmaty bilen meşgullanýardy, indi bolsa şahamçanyň açylmagy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda müşderileriň isleglerine has gowy düşünmäge umyt baglaýar.
“Komatsu” kompaniýasynda tebigy baýlyklara baý sebitde infrastrukturany ösdürmek üçin tebigy çeşmelere bolan global islegiň artmagy we şäherleşmäniň giňemegi bilen senagat we gurluşyk pudagy üçin enjamlara bolan islegiň has-da ýokarlanmagyna garaşylýar.
Täze kompaniýa Astanada ýerleşer we “Komatsu Central Asia” diýlip atlandyrylar.
ORIENT news