Iň täze habarlar

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni öz zawodlary üçin wagonlary we sisternalary satyn alar

12.05.2023 | 14:38 |
 «Türkmenhimiýa» döwlet konserni öz zawodlary üçin wagonlary we sisternalary satyn alar

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni ammiak wagon-sisternalaryny, demir ýol ýarym-wagonlary, şeýle hme mineral dökünler üçin wagonlary satyn almak üçin halkara tender-bäsleşigini yglan etdi. Bu baradaky maglumaty resmi türkmen metbugaty ýaýratdy.

Wagonlar S. A. Nyýazow adyndaky Türkmenabadyň himiki zawodynyň we «Marykarbamid» zawodynyň işini üpjün eder.

Gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde ýüz tutmany doldurmaly, $500 töläp, lotlaryň ýöriteleşmesini we tender resminamalaryň bukjasyny almaly. Ýüz tutmalar çap edilenden soň 30 iş gününiň dowamynda kabul ediler.

Resminamalar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Açrabil şaýoly, 32 (Türkmenistanyň senagat toplumy), 4 gat, 417 iş otagy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-01-17, 39-01-86.

ORIENT habarlar

Foto: pulse.mail.ru

Şeýle hem okaň: