Iň täze habarlar

Amazonyň awtomatizasiýasy: 2033-nji ýyla çenli robotlar 600 müň täze iş ornuny eýelär

22.10.2025 | 18:45 |
 Amazonyň awtomatizasiýasy: 2033-nji ýyla çenli robotlar 600 müň täze iş ornuny eýelär

Amazon 2033-nji ýyla çenli durmuşa geçiriljek awtomatizasiýa baradaky giň gerimli meýilnamalaryny resmi taýdan mälim etdi. Kompaniýa şu döwürde 600 müň töweregi işgär ornunyň robotlar bilen çalşylyp bilinjekdigini çaklaýar.

Munuň bar bolan işgärleriň işden çykarylmagy däldigini aýratyn bellemek möhümdir.Amazon satuw mukdarynyň takmynan 100% artjakdygyny we bu ýagdaýyň täze işgärleriň işe alynmagyny talap etjekdigini belleýär. Robotlar, adaty ýagdaýda adamlaryň ýerine tutuljak täze iş orunlaryny eýelär.

Amazonyň robototehnikla boýunça topary ammarlardaky ähli amallaryň 75%-ini awtomatlaşdyrmak ugrunda işleýär.

Awtomatizasiýa uly ykdysady peýda getirýär. 2027-nji ýyla çenli Amazon ABŞ-da 160 müň iş ornundan el çekmegi meýilleşdirýär, bu bolsa her haryt üçin 30 sent tygşytlamaga mümkinçilik berer. 2025–2027 ýyllar aralygynda awtomatizasiýa çäreleriniň kompaniýa 12,6 milliard dollar peýda getirmegine garaşylýar.

Geljekde boljak üýtgeşmeler ýagdaýynda Amazon öz abraýyny gowulandyrmak boýunça çäreleri hem görýär. Kompaniýa jemgyýetçilik taslamalaryna gatnaşmagy göz öňünde tutýar we “awtomatizasiýa” hem-de “emeli aň” sözlerinden ýüz öwürýär. Munuň ýerine Amazon “öňdebaryjy tehnologiýalar” ýaly has “ýumşak” terminleri ulanýar, adamlar bilen bilelikde işleýän robotlary bolsa “kobotlar” diýip atlandyrýar.

ORIENT

Foto: Amazon

Şeýle hem okaň: