«Sanly çözgüt - 2025» innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady
22.10.2025 | 19:20 |Şu günler, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň edara binasynda «Sanly çözgüt-2025» innowasion taslamalar bäsleşiginiň saýlama tapgyry başlady.
Türkmenistanda sanly tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen «Sanly çözgüt - 2025» innowasion taslamalar bäsleşigi IT tehnologiýalary ösdürmek, emeli aňy has-da kämilleşdirmek we robototehnika ýaly ugurlarda täze pikirlere ýüzlenmek üçin giň mümkinçilikler açýar.
Bu ýyl hem, ýaş alymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşik emeli aň; robototehnika we awtomatizasiýa; «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary; akylly şäher; sanly lukmançylyk; elektron bilim; hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Taslamalar döwrebaplylygy, innowasion aýratynlyklary, ykdysady taýdan netijeliligi, peýdalanmakda amatlylygy, dizaýn çözgüdi, kanunçylyga laýyklylygy, şeýle-de özboluşlylygy we programma üpjünçiligi üçin çeşme kodunyň barlygy boýunça seljerilýär.
Bäsleşigiň ýeňijileri «Türkmentel - 2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.