Türkmenistan we ABŞ: mekdebe çenli bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
22.10.2025 | 18:20 |18–28-nji oktýabr aralygynda türkmen wekiliýetiniň agzalary tejribe alyşmak we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ABŞ-da (Waýoming we Montana ştatlarynda) saparda boldylar. Esasy duşuşyk 20-nji oktýabrda Pauell şäherindäki Demirgazyk-Günbatar kollejinde (Northwest College) geçirildi.
Iş saparynyň çäklerinde Arkadag şäherindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi bilen Waýoming ştatyndaky Demirgazyk-Günbatar kollejiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk gazanyldy.
Taraplar kiçi ýaşly çagalaryň psihologiýasy hem-de iňlis dilini okatmagyň döwrebap usullary boýunça mugallymlaryň hünär derejesini we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Bir ýylyň dowamynda amala aşyryljak aşakdaky çäreler barada ylalaşyldy:
• Onlaýn okuwlar: Psihologiýa, çagalar bilen döwrebap iş usullary we sanly tehnologiýalar arkaly iňlis dilini okatmak boýunça sekiz sany onlaýn sapak gurnamak.
• Bilelikdäki ylmy işler: Iň irki ýaşdaky çagalaryň psihologik ösüşi we daşary ýurt dillerini öwrenişi boýunça iki ýurduň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy-barlag işlerini geçirmek.
• Ikitaraplaýyn alyş-çalyş: Mugallymlar we talyplar üçin alyş-çalyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek. Bu maksatnamanyň çäginde hünär derejesini ýokarlandyran mugallymlaryň diňe öz okuw mekdeplerinde däl, eýsem Türkmenistanyň beýleki mugallymçylyk ýokary okuw mekdeplerinde hem gazanan tejribelerini paýlaşmagyna garaşylýar.
ORIENT