Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitä gutlagyny iberdi

22.10.2025|09:15|
935
turkmenistanyn-prezidenti-yaponiyanyn-premyer-ministri-sanae-takaita-gutlagyny-iberdi
Surat çeşmesi: Kim Kyung-Hoon / Reuters

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan, özara düşünişmek, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar arkaly halklarymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine, gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we maksatlarynda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Sanae Takaiti — Ýaponiýa hökümetinde köp ýyllyk iş tejribesi bolan syýasatçydyr. Premýer-ministr wezipesine bellenmezinden ozal, ol ýurduň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralarynda birnäçe möhüm wezipeleri eýeläp, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy we durmuş-ykdysady ösüşi ugurlaryndaky iş tejribesi bilen tanalýar.