Iň täze habarlar

“Bir saglyk” iş ýüzünde: Türkmenistan FAO hünärmenleri bilen brusellýoz keseline garşy goragy berkidýär

22.10.2025 | 19:00 |
 “Bir saglyk” iş ýüzünde: Türkmenistan FAO hünärmenleri bilen brusellýoz keseline garşy goragy berkidýär

2025-nji ýylyň 20–24-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda brusellýoz keseline garşy öňüni alyş, anyklaýyş we gözegçilik meselelerine bagyşlanan okuw geçirilýär. Bu çäre FAO-nyň “Merkezi Aziýada pandemiýa taýýarlygy we jogap çäreleri” taslamasynyň çäginde guralyp, dürli ministrlikleriň wekillerini hem-de ýurdumyzyň weterinariýa we lukmançylyk gulluklarynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Bu okuw “Bir saglyk” atly sebitleýin konsepsiýanyň çäginde geçirilýär. Bu ugur weterinariýa we lukmançylyk gulluklarynyň tagallalaryny birleşdirip, brusellýoz keseline garşy öňüni alyş we gözegçilik çärelerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

1

Okuwy brusellýoz boýunça FAO-nyň öňdebaryjy halkara bilermenleri — Swetlana Bardenşteýn we Nadaw Galon alyp barýarlar. Olar kesel boýunça dünýäde we sebitde emele gelen ýagdaýlar baradaky maglumatlary paýlaşyp, haýwanlaryň anyklaýyş, gözegçilik we sanjym boýunça häzirki zaman çemeleşmelerini hödürleýärler.

Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň milli eksperti Arslan Soltanmyradow çykyş etdi. Ol haýwan saglygyny goramak boýunça maksatlaýyn döwlet syýasaty, şol sanda brusellýoze garşy gözegçiligi we monitoringi güýçlendirmek ugrunda alnyp barylýan ulgamlaýyn çäreler barada giňişleýin maglumat berdi.

Ünsüň esasy ugurlary şulardan ybarat:

• Barlaghana mümkinçiliklerini pugtalandyrmak.

• Epizootiki ýagdaý boýunça yzygiderli monitoring geçirmek.

• Weterinariýa hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak.

2

Bu okuw türgenleşiginiň geçirilmegi FAO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde möhüm ädimidir. Ol haýwanlardan adama geçýän ýokanç kesellere (zoonozlara) garşy öňüni alyş we gözegçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegine, şeýle hem ilatyň saglygyny goramak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça strategiki maksatlaryň ýerine ýetirilmegine hyzmat edýär.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy

Şeýle hem okaň: